Owadan Ulke

VIP
5
|
17370

Önümçilik we senagat

«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň çäginde guruldy we işe girizildi. Şereketimizde ilkinji bolup «NUR» haryt nyşany bilen önümler öndürilip başlandy. «NUR» haryt nyşany gysga wagtyň içinde Türkmen bazarynda berk orny eýelän markalaryň biri bolup halkymyzyň uly isleg bilen sarp etýän önümleriniň hataryna goşuldy. Mähriban halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, biziň kärhanamyzda häzirki günde «Nur», «Mylaýym» we «Hazyna» görnüşli haryt nyşanda önümler öndürilýär. «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti hil we azyk howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamlaryny durmuşa geçirdi. Kärhanada ähli önümçilik ulgamlary dolandyryş standartlarynyň we ISO9001:2015 we HACCP talaplaryna laýyk gelýär. Öndürilen önümleriň ýokary hilli halkara ülňülerine laýyk gelýär we öndürijä eksport etmäge mümkinçilik berýär. Önümlerimiziň tebigylygy «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetiniň ähli önümleri içerki telekeçiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän ekalogiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerinden öndürilýär. Biziň kärhanamyzda döwrebap tehnalogiýalar bilen öndürilýän ýokary hilli önümler daşary ýurtdan gelýän önümleriň ornuny tutyp elýeterli bahalarda ak bazarlarymyzy bezeýär we önümlerimiz halkymyz tarapyndan uly islegler bilen sarp edilýän önümleriň ilkinjileriniň hatarynda gelýär. Bu bolsa bize önümlerimiziň içerki bazarlarmyzdan artan bölegini eksport etmäge bolan mümkinçiligimizi artdyrýar.

Nesil Coffee

5
|
3738

Önümçilik we senagat

Biziň iş taryhymyz Biziň söwdamyz 7 ýyl mundan öň kicijik pikir ýagny, Türkmenistanyň halkyna ýokary hilli kofe önümlerini öndürmeklik bilen başlady. Arzuwlarymyzy durmusa geçirmeklik üçin Änew şäherini saýladyk we şondan bäri, biziň söwdamyz ösdi we özgerdi. Biziň Kärhanamyzyň esasy maksady dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli kofe önümleri bilen ýurdumyzy üpjün etmek we täzelenen tagamy bilen alyjylary begendirmekdir. Dörediji hakda Biziň işimizi telekeçi Tejenmyrat Baýramdurdyýew tarapyndan döredildi. Onuň dünýägaraýşy we tutanýerliligi kampanýasynyň düýbiniň tutulmagyna sebäp boldy. Tejenmyrat dine bir önümleriň hiline däl, eysem iň täze tehnologiýalary önümçilik prosesine goşmagyň möhümligine düşünýän tejribeli telekeçi. Onuň ýolbaşçylygy we kofe bolan höwesi häzirki wagtda hiline we täzeligine guwanýan markanyň döretmegine mümkinçilik berdi. Biziň wezipämiz Biziň wezipämiz ylham we şatlyk berýän ýokary hilli kofe içgileri bilen Türkmenistany üpjün etmekdir. Kofe önümlerimiz üçin iň oňat “Arabica” we “Robusta” görnüşlerinden kofe dänelerini saýlap alýarys we 3 i 1 ýerde garyndylarymyz üçin ýörite tagamlary we reseptleri ulanýarys. Önümcilik prosesinde ulanylýan döwrebap tehnologiýalarymyz önümçiligiň her bir tapgyrynda yzygiderli hil we baý tagam üpjün edýär. Müşderilerimiz bizi saýlaýarlar, sebäbi biz olaryň zerurlyklaryna sarpa goýýarys we diňe bir kofe däl, eýsem hakyky lezzet hödürlemäge çalyşýarys.Döwrebap çemeleşmämiz we iň täze enjamlary ulanmak netijesinde Türkmenistanda ýokary hilli kofe islegini kanagatlandyrýarys. Üstünlikler we geljek Täzeçillik çemeleşmämiz we iň täze enjamlary ulanmak netijesinde Türkmenistanda ýokary hilli kofe islegini kanagatlandyrýarys. Önümlerimiz diňe bir ýerli sarp edijileri begendirmek bilen çäklenmän, ýurduň çäginden daşarda-da tanalýar. Ösmegi dowam etdirýäris we Merkezi Aziýada kofe bazarynda öňdebaryjy bolmagy, täze önümleri döretmegi we gözýetimlerimizi giňeltmegi maksat edinýäris.