Bir ugur
Hyzmatlar
Yük awtoulaglary bar daşamak hyzmaty
Smartway Logistika we Söwda
Hyzmatlar
Biz Türkiýede bellige alnan kompaniýa bolup, logistika we senagat çig mallarynyň söwdasy boýunça ýöriteleşýäris. Biz dökülýän ýükleri daşamak, konsolidirlenen ýük daşamalaryny guramak we senagat kärhanalary üçin çig mal üpjünçiligi boýunça toplumlaýyn çözgütleri hödürleýäris.
Export Hyzmat
Hyzmatlar
Export Hyzmat — Türkmenistanyň eksport boýunça konsalting kompaniýasydyr. Biz Merkezi Aziýanyň öndürijilerini barlanan daşary ýurtly alyjylar bilen baglanyşdyrýarys we geleşigiň eksport şertnamasy bilen tamamlanmagyna çenli ähli tapgyrlarda ýardam berýäris. Biziň missiýamyz — ýerli kärhanalaryň eksport kuwwatyny açmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak we bäsdeşlige ukyply önümleri ileri tutulýan bazarlara — Ýewropa Bileleşigine we Hytaýa — çykarmak hem-de täze iş orunlaryny döretmekdir. Biz halkara standartlara laýyklykda işleýäris we müşderilerimize ähli tapgyrlarda — eksporta taýýarlygy bahalandyrmakdan başlap, şertnama baglaşylmagyna we gaýtalanýan iberişleriň ýola goýulmagyna çenli — doly goldaw berýäris. Biz nämeler edýäris: Eksport we strategik konsalting: biz kärhanalara eksport strategiýasyny döretmäge, önümlerini we resminamalaryny halkara bazarlaryň talaplaryna laýyklaşdyrmaga, ynam ýetmezçiligi we maglumat deňsizligi ýaly päsgelçilikleri aradan aýyrmaga ýardam berýäris. Biziň iş ýörelgelerimiz halkara derejesinde ykrar edilen usullara (Bütindünýä Banky, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky) hem-de öňdebaryjy halkara konsalting kompaniýalarynyň tejribesine daýanýar. • Öndürijileri kesgitleýäris we olaryň eksporta taýýarlygyny anyk ölçegler boýunça bahalandyrýarys. • Üpjin edijileri halkara bazarlara taýýarlaýarys: sertifikatlaşdyrmak, katalog taýýarlamak, baha strategiýasyny düzmek, üpjün edijiniň dossýesini taýýarlamak. • Nyşana bazarlarda daşary ýurtly alyjylary tapýarys we olaryň ygtybarlylygyny barlaýarys. • Iki tarapy baglanyşdyrýarys we gepleşikleriň geçirilmegine ýardam berýäris — baha, möçber, möhlet, töleg şertleri we logistika boýunça. • Geleşigi şertnama baglaşylmagyna çenli alyp barýarys we hyzmatdaşlygyň dowamlylygyny üpjün edýäris: gözegçilik, goldaw we gaýtalanýan sargytlaryň ösdürilmegi. Biz diňe bir haryt däl, eýsem bazara çykmak mümkinçiligini, ynamy we töwekgelçilikleriň azaldylmagyny hödürleýäris. Export Hyzmat siziň eksporta barýan ýoluňyzda uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşyňyza öwrülýär. Export Hyzmat bilen dünýä bazarlaryna çykyň!
GANAT LOGISTICS
Biz size ygtybarly, tygşytly we wagtynda hödürlemäge taýýar giňişleýin Ýewropa torumyzyň üsti bilen logistika hyzmatlary ulag ulgamy we tertipli hyzmatlary.
DÖWREBAP ÇEMELEŞME
Hyzmatlar
“Döwrebap Çemeleşme” hususy kärhanasy köp ýyllardan bäri dürli ugurlarda ýokary hilli hyzmatlary we harytlary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Biziň esasy ugurlarymyz gümrük taýdan resmileşdirmek, terjime hyzmatlary hem-de iýmit goşundylarynyň we ys berijileriň söwdasydyr. Biz müşderilerimize ygtybarly, çalt we hünär taýdan çözgütleri hödürlemegi maksat edinýäris.
EMPIRE LOGISTICS
Kompaniýamyz, ýokary hilli kepillik we elýeterli bahalarda ýük daşamagy üpjün edýär.
AGA BIRLEŞIK
2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň çägine eltip bermekde ýokary tejribe. Ýewropada, ABŞ-da, Russiýada öndürijiler bilen işleýäris.
TÜRKMEN-OWGAN TRANSPORT
Hyzmatlar
"Türkmen-Owgan Transport" logistika hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürleýär. Hünärmenler ýük daşamakda, ammarda saklamak, import-eksport amallary bilen baglanyşykly ähli meseleleri başarnykly ýerine ýetirýärler. Logistika hyzmatlary barada ussatlyk bilen aýdanymyzda, tejribeli işgärler ähli ulag aragatnaşygyny utgaşdyryp tutanýerli işleýärler: haryt iberilýän ýerden alyja gowşurylan pursatyna çenli. Bu çemeleşme, ýük daşamakda we awtoulag üçin ýola çykdajylaryny azaltmaga, müşderi üçin bolsa wagt tapmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda daşalýan ýüküň görnüşine, marşrutyň uzynlygyna we eltiş şertleriniň çylşyrymlylygyna garamazdan amatly bahadan tygşytly awtoulagy taýýarlap bilýäris. Kompaniýanyň öz ulag parky 150-den gowrak awtoulagy bar, olardan suwuklandyrylan gaz we benzini daşamak üçin ýöriteleşdirilen awtoulagy hem müşderilerimize hödürleýäris. Owganystana, Eýrana we Türkiýä aralykarynda gara ýol gatnawyny amala aşyrýarys. Şeýle hem, ýük awtoulaglary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny elýeterli bahadan eltip berme hyzmatyny ulanmagyňyzy teklip edýäris.
SEBIT CARGO
Hyzmatlar
"Sebit Cargo" Islendik görnüşdäki harytlary internet magazynlardan NAGT görnüşinde söwda etmek hem-de 24 sagadyň dowamynda welaýatlara eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär. SEBIT cargo: satyn alar we eltip berer ýurduň islendik ýerinde islendik dükanlardan aşhana gap-gaçlary we ownuk tehnika enjamlary Näme etmeli: 1-nji tapgyra Dükany we islenýän önümiňizi bellik edip bize ugradýarsyňyz 2-nji tapgyra Iň ýakyn kurýer gidip, haryt satyn alýar 3-nji tapgyra Önümiňiz ertesi gün gapyňyza eltilýär Bu hyzmat dükan eýeleri üçin hem amatly, sebäbi harytlaryňyzy müşderä ýetirip bileris we harytlaryň bahasyny töläp bileris. 🚀SEBIT cargo- çalt we ygtybarly biziň bilen!"Sebit Cargo" Islendik görnüşdäki harytlary internet magazynlardan NAGT görnüşinde söwda etmek hem-de 24 sagadyň dowamynda welaýatlara eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär. SEBIT cargo: satyn alar we eltip berer ýurduň islendik ýerinde islendik dükanlardan aşhana gap-gaçlary we ownuk tehnika enjamlary Näme etmeli: 1-nji tapgyra Dükany we islenýän önümiňizi bellik edip bize ugradýarsyňyz 2-nji tapgyra Iň ýakyn kurýer gidip, haryt satyn alýar 3-nji tapgyra Önümiňiz ertesi gün gapyňyza eltilýär Bu hyzmat dükan eýeleri üçin hem amatly, sebäbi harytlaryňyzy müşderä ýetirip bileris we harytlaryň bahasyny töläp bileris. SEBIT cargo- çalt we ygtybarly biziň bilen!
GOŞA PUDAK
Hyzmatlar
Goşa Pudak - logistika ugry boýunça, zerurlyklaryňyzy we daşalýan harytlaryň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, ýüküňiz üçin iň amatly ulag görnüşini saýlarys. Harytlaryňyzy dünýäniň islendik ýerinde eltip bileris. Ulag we ammar çözgütleri bilen üpjün etmek üçin operatoryň hyzmatlaryndan peýdalanmak arkaly hilini pida etmezden, transport çykdajylaryny tygşytlamak üçin iň amatly we iň çalt ýoly kesgitläris. Goşa Pudak - liftleri satyjy we gurnaýjy hökmünde, kärhana liftleri satmagy, gurnamagy we tehniki hyzmaty bir ýere jemleýär. Dünýädäki ulanyjylara ygtybarly we dürli önümleri hödürlemegi maksat edinýäris. Ösen tehnologiýalary we materiallary ulanýarys, müşderileriň tejribesine we hil hyzmatyna ünsi jemleýäris we müşderileriň şahsy isleglerini kanagatlandyrýarys. Eltip bermekden başlap, müşderiniň kanagatlanmagy biziň işimiziň özenidir.



