Bereket Bendi
Bereket Bendi sanly dünýäde markalaryň sesini has belentden duýurmak maksady bilen döredilen we tehnologiýa gönükdirilen kärhanadyr. Grafika we UI/UX dizaýnyndan web we mobile programmirlemä , SMM menejementden 3D animasiýa çenli giňiş hyzmatlar bermek bilen müşderilerimizi sanly dünýäde ösmegine kömek edýäris.
Dizaýnda we ulanyjy tejribesinde responsive we funksional interfeýsleri ösdürýäris we markalaryň şahsyýetini sanly platformalarda güýçli görkezýäris. Web we mobile programma üpjünçiligini ösdürmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, durnukly we netijeli çözgütleri hödürleýäris.
Sosial mediýa (SMM) we jemgyýetçilik gatnaşyklary (PIAR) dolandyryşa strategiki çemeleşmegimiz bilen, markalaryň sanly abraýyny güýçlendirýäris we diňleýjiler bilen netijeli aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik berýäris. Şeýle hem döredijilikli 3D animasiýa hyzmatlarymyz bilen önümleri we ideýalary täsirli görnüşde göz öňüne getirýäris.
Bereket Bendi her taslama höwes bilen çemeleşýär we her bir müşderini işewür hyzmatdaş hökmünde görýär. Biziň maksadymyz, markaňyzy sanly dünýäde görnükli etmek we dowamly üstünlikleriňize goşant goşmak.