Nesil Coffee
Biziň iş taryhymyz
Biziň söwdamyz 7 ýyl mundan öň kicijik pikir ýagny, Türkmenistanyň halkyna ýokary hilli kofe önümlerini öndürmeklik bilen başlady. Arzuwlarymyzy durmusa geçirmeklik üçin Änew şäherini saýladyk we şondan bäri, biziň söwdamyz ösdi we özgerdi.
Biziň Kärhanamyzyň esasy maksady dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli kofe önümleri bilen ýurdumyzy üpjün etmek we täzelenen tagamy bilen alyjylary begendirmekdir.
Dörediji hakda
Biziň işimizi telekeçi Tejenmyrat Baýramdurdyýew tarapyndan döredildi. Onuň dünýägaraýşy we tutanýerliligi kampanýasynyň düýbiniň tutulmagyna sebäp boldy. Tejenmyrat dine bir önümleriň hiline däl, eysem iň täze tehnologiýalary önümçilik prosesine goşmagyň möhümligine düşünýän tejribeli telekeçi.
Onuň ýolbaşçylygy we kofe bolan höwesi häzirki wagtda hiline we täzeligine guwanýan markanyň döretmegine mümkinçilik berdi.
Biziň wezipämiz
Biziň wezipämiz ylham we şatlyk berýän ýokary hilli kofe içgileri bilen Türkmenistany üpjün etmekdir. Kofe önümlerimiz üçin iň oňat “Arabica” we “Robusta” görnüşlerinden kofe dänelerini saýlap alýarys we 3 i 1 ýerde garyndylarymyz üçin ýörite tagamlary we reseptleri ulanýarys.
Önümcilik prosesinde ulanylýan döwrebap tehnologiýalarymyz önümçiligiň her bir tapgyrynda yzygiderli hil we baý tagam üpjün edýär. Müşderilerimiz bizi saýlaýarlar, sebäbi biz olaryň zerurlyklaryna sarpa goýýarys we diňe bir kofe däl, eýsem hakyky lezzet hödürlemäge çalyşýarys.Döwrebap çemeleşmämiz we iň täze enjamlary ulanmak netijesinde Türkmenistanda ýokary hilli kofe islegini kanagatlandyrýarys.
Üstünlikler we geljek
Täzeçillik çemeleşmämiz we iň täze enjamlary ulanmak netijesinde Türkmenistanda ýokary hilli kofe islegini kanagatlandyrýarys.
Önümlerimiz diňe bir ýerli sarp edijileri begendirmek bilen çäklenmän, ýurduň çäginden daşarda-da tanalýar. Ösmegi dowam etdirýäris we Merkezi Aziýada kofe bazarynda öňdebaryjy bolmagy, täze önümleri döretmegi we gözýetimlerimizi giňeltmegi maksat edinýäris.