Tema

m

TMT

$

USD

m

TMT

EUR

banner
banner
381
VIP

Owadan Ulke

«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň çäginde guruldy we işe girizildi. Şereketimizde ilkinji bolup «NUR» haryt nyşany bilen önümler öndürilip başlandy. «NUR» haryt nyşany gysga wagtyň içinde Türkmen bazarynda berk orny eýelän markalaryň biri bolup halkymyzyň uly isleg bilen sarp etýän önümleriniň hataryna goşuldy. Mähriban halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, biziň kärhanamyzda häzirki günde «Nur», «Mylaýym» we «Hazyna» görnüşli haryt nyşanda önümler öndürilýär. «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti hil we azyk howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamlaryny durmuşa geçirdi. Kärhanada ähli önümçilik ulgamlary dolandyryş standartlarynyň we ISO9001:2015 we HACCP talaplaryna laýyk gelýär. Öndürilen önümleriň ýokary hilli halkara ülňülerine laýyk gelýär we öndürijä eksport etmäge mümkinçilik berýär. Önümlerimiziň tebigylygy «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetiniň ähli önümleri içerki telekeçiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän ekalogiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerinden öndürilýär. Biziň kärhanamyzda döwrebap tehnalogiýalar bilen öndürilýän ýokary hilli önümler daşary ýurtdan gelýän önümleriň ornuny tutyp elýeterli bahalarda ak bazarlarymyzy bezeýär we önümlerimiz halkymyz tarapyndan uly islegler bilen sarp edilýän önümleriň ilkinjileriniň hatarynda gelýär. Bu bolsa bize önümlerimiziň içerki bazarlarmyzdan artan bölegini eksport etmäge bolan mümkinçiligimizi artdyrýar.

Brendlerimiz

Kompaniýanyň suraty

Ählisini gör

Ýurt/Sebit

Ashgabat

Iş ugry

Önümçilik

Sertifikatlar

Ählisini gör

Sonky goşulanlar