Tema

m

TMT

$

USD

m

TMT

EUR

153

Amatly Ýollar

«Amatly-Yollar» kompaniýasy 2013-nji ýylda transport-we logistika kompaniýasy hökmünde esaslandyryldy. Öz işjeň döwri dowamynda kompaniýa logistika ulgamynda uly tejribe toplady we özüni ygtybarly, durnukly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Häzirki wagtda «Amatly-Yollar» Türkmenistanda öňdebaryjy transport-we ekspeditorlyk kompaniýalarynyň biri bolup, hyzmatlaryny ýurduň içinde we daşary ýurtda hödürleýär, ýük daşamalaryny islendik görnüşli ulaglar arkaly — demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglary bilen amala aşyrýar. TLA (Türkmen Logistika Assosiasiýasy) we FIATA (Halkara Ekspeditorlyk Assosiasiýalarynyň Federasiýasy) ýaly logistika assosiasiýalarynyň agzasy bolmagy kompaniýanyň hünär derejesini we ygtybarlylygyny tassyklap görkezýär. «Amatly-Yollar» kompaniýasy her bir müşderiniň isleglerini nazara alýar we her ýagdaýda ýük daşamagyň hili, tizligi we bahasy bilen optimal deňagramlylygyna ýetmäge çalyşýar.