ARASSA NUSGA
2019-njy ýyldan bäri biz Türkmenistanyň kompaniýalaryna işgärlik we guramaçylyk bulaşyklygyny tertibe salmaga kömek edip gelýäris. Biziň maksadymyz — biznes-prosesleri awtomatlaşdyrmagyň kömegi bilen biznesiňizi dolandyrylyp bilinýän we netijeli ýagdaýa getirmekdir.
Biziň işimiz häzirki ýagdaýy seljermekden başlanýar. Biz biznesi analiz edýäris, gowşak taraplaryny ýüze çykarýarys, ERP we CRM ulgamlaryny ornaşdyrýarys, söwda, maliýe, ammar hem-de önümçilik bölümlerini awtomatlaşdyrýarys. Web-saýtlary, mobil goşundylary işläp taýýarlaýarys, analitika we daşbordlary sazlaýarys. Prosesleriň reengineeringini geçirip, düzgünnamalary (reglamentleri) döredýäris. Şeýle hem, IT-infrastrukturany goldamak hyzmatyny üpjün edýäris.
Biz eýýäm 100-den gowrak kompaniýa çykdajylaryny 20% çenli azaltmaga we aýdyň dolandyrylýan prosesleri gurmaga kömek etdik. Biz ISO 9001:2015 standartlary boýunça işläp, her bir tapgyrda hil we aýdyňlyk kepilligini berýäris.




