Tema

0
0 syn
Çarlak myhmanhana
11

Çarlak myhmanhana

Myhmanhanada müşderiler üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. Myhmanhana 12 (on iki) gatdan, jemi 80 (segsen) otagdan ybarat bolup, 140 (bir ýüz kyrk) adam üçin niýetlenendir. Olardan 20 sany 1 adamlyk otaglar, 40 sany 2 adamlyk otaglar, 20 sany hem lýuks otaglardan ybaratdyr. Kurort, dynç alyş durmuşyna zerur bolan mebeller, tehnikalar, durmuş enjamlary we ýylyň ähli möwsüminde salkyn we gyzgyn şertlerde sowadyjylar (kondisionerler) bilen üpjün edilen. Hemra telewideniýesi arkaly dünýädäki täzelikler bilen hemişe habarly bolmaklyga mümkinçilik döredilen. Myhmanhananyň uly penjirelerinden deňziň we kenarýaka daglarynyň ajaýyp gözelligine syn etmek mümkindir. Şeýle-de myhmanhanada birnäçe hyzmatlar amala aşyrylýar: toý-dabaralaryny, medeni çärelerini geçirmek üçin niýetlenen 350 orunlyk dabaralar zaly, 90 adamlyk konferensiýa zaly, dürli tagamlary taýýarlaýan aşhanasy, owkalaýyş otagy, egin-eşikleri arassalap ütük çekmek hyzmaty, internet ulgamynyň hyzmaty, çagalaryň oýnamaklary üçin niýetlenen ýörite meýdança, awtoulaglary goýmak üçin üsti ýapyk ýörite duralga, şeýle-de, bedeniňi arassa-sagdyn saklamak üçin sagaldyş bedenterbiýe merkezinden peýdalanmak, ýagny türgenleşik zaly, içki basseýn, futbol meýdançasy, şeýle-de, myhmanhananyň 1-nji gatynda Bar ýerleşip, barda dürli görnüşli spirtli we spirtsiz içgileriň söwdasy myhmanlaryň hyzmatyna ýetirilýär.