
Dostluk kalby - Euro Home
"Euro Home – Enjoy Living": Öýüňize we ofisiňize rahatlyk we estetika getirýäris!
"Dostluk kalby" hususy karhanasy tarapyndan hödürlenýän "Euro Home" markasy, döwrebap dizaýny we ýokary hili özünde jemleýän pol örtüklerini hem-de olaryň gurnalmagy üçin zerur bolan materiallary lomaý we bölekleýin satmakda öňdebaryjy dükandyr. "Enjoy living" (Ýaşamakdan lezzet al) şygary astynda hereket edýän brendimiz, her bir müşderiniň islegine laýyk geljek iň kämil çözgütleri hödürleýär.
Biziň önümlerimiz:
Ýokary hilli laminatlar: Döwrebap reňk we dizaýn aýratynlyklary bilen islendik interýere kybap gelýän, berklik we dözümlilik talaplaryna doly jogap berýän laminat görnüşleri.
Laminat plintuslary: Poluň dizaýnyny doly we gözel görkezýän, dürli ölçegdäki hem-de reňkdäki plintuslar.
Termo podložkiler (Termo düşekçeler): Poluň ömrüni uzaldýan, sese we temperatura garşy ýokary goraglylygy üpjün edýän ýörite termo düşekçeler.
Biziň artykmaçlyklarymyz:
Hile kepillik: "Euro Home" diňe bir önüm däl, eýsem uzak ýyllaryň dowamynda Size hyzmat etjek hiliň kepilidir.
Eltip bermek (Dostawka) hyzmaty: Siziň wagtňyzy tygşytlamak maksady bilen, saýlan önümleriňizi tiz we bellenen salgynyza ygtybarly görnüşde eltip berýäris.
"Euro Home" bilen ýaşamakdan we amatly gurşawdan lezzet alyň!




