KIP ENGINEERING
Biziň kompaniýamyz 2021-nji ýylda esaslandyryldy. KIP Engineering öz pudagynda anyk orna eýe bolup, çalt ösýän ynamly işewür kompaniýa hökmünde tanalýar. Biz taslamalary meýilnamalaşdyrmadan başlap, durmuşa geçirmek, işe girizmek we doly tamamlamak ýaly ähli tapgyrlarda üstünlikli dolandyrýarys.
Kompaniýa hyzmat pudagynda öňdebaryjy orny eýeleýär, hyzmatdaşlaryna we müşderilerine döwrebap tehnologik çözgütler hem-de häzirki zaman hyzmatlary hödürleýär. Müşderiniň maksady, zerurlygy we islegi — biziň işimiziň esasy binýadydyr.
Biziň maksatlarymyz — müşderilerimize iň gysga wagtda iň oňat, netijeli we ýerlikli çözgütleri bermek, şeýle hem satyn alyşdan soňky kepillik hyzmatlaryny, mugt tehniki goldaw we maslahatlary üpjün etmekdir.
KIP Engineering ýokary derejeli, tejribeli inženerlerden we tehnologlardan ybarat ylmy-önümçilik-tehniki binýada eýedir. Bu bize iş alyp barýan ugurlarymyzda bazar we önümçilik amallaryny çuňňur seljermäge mümkinçilik berýär. Biziň müşderilerimiziň arasynda döwlet sektorynyň wekilleri we hususy senagat kärhanalary bar.
KIP Engineering dürli pudaklarda özüni üstünlikli görkezdi.
Biz IT tehnologiýalary bilen meşgullanýarys, halkara we ýerli hyzmatdaşlaryň önümleri bilen integrirlenip bilýän öz işläp düzen önümlerimizi hödürleýäris. Biziň işlerimiz dokma, azyk, oba hojalygy we hojalyk himiýasy pudaklaryny öz içine alýar. Biz senagat ugurlarynda taslamalary durmuşa geçirýäris.
Köp öndürijilikli iş amallaryny döretmek we çylşyrymly meseleleri çözmek ugrundaky biziň berkligimiz ösüşimizi dowam etdirmäge, täze belentlikleri öwrenmäge we ygtybarly hyzmatdaşlary hem dostlary gazanmaga itergi berýär.




