229
Merjen Ýol
Merjen Yol transport-logistika kompaniýasy ýük daşama bazarynda 8 ýyldan gowrak wagt bäri işjeň hereket edip gelýär. Logistika ulgamynda köp sanly ugurlar we inçelikler bar bolup, olar ulag-logistika zynjyrynyň ähli gatnaşyjylary bilen işlemekde çuň bilimleri we baý tejribäni talap edýär.
Halkara transport kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygymyz hyzmatlaryň hili boýunça halkara standartlaryna laýyk gelýän bitewi we ygtybarly iş mehanizmini döretdi.
Biz müşderilerimiziň isleglerine laýyklykda şahsy hyzmatlary hödürleýäris we zerur ýüküňizi ýerüsti, deňiz ýa-da howa arkaly daşamak üçin iň amatly çözgütleri tapýarys.




