Tema

0
0 syn
Olimpiýa myhmanhana
13

Olimpiýa myhmanhana

Olimpia myhmanhanasy — Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän ajaýyp derejede kaşaň we nepis 4 ýyldyzly myhmanhana. 8 gatly binanyň içki we daşky bezegi ýörite çagyrylan hünärmenler tarapyndan döredildi. Myhmanhananyň binagärlik keşbi milli binagärlik däplerini, klassiki we häzirki zaman stillerini sazlaşykly birleşdirýär. Olimpia myhmanhanasynda dürli derejedäki 255 rahat otag bar we umumy 450 adama niýetlenen ýatylýan ýer möçberine eýe. Otaglar häzirki zaman dizaýn bilen enjamlaşdyrylan we ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary üpjün edýän ulgamlara eýedir. Myhmanhananyň umumy meýdany 42 müň 833 inedördül metrdir. Bina dürli gatlarynda 84 we 196 adamlyk iki sany restoran, iki sany kafe we 120 adamlyk kafeteriýa bar. Mundan başga-da, konferensiýa zaly, 6 sany duşuşyk we gepleşik otagy, 2 sany dükan, poçta bölümi we kitaphana hyzmat berýär. Binaň birinji gatynda ýyladyly basseýn we SPA-salon ýerleşýär. Dynç alýanlar üçin Fin saunasy, Türk hamamy, fitnes zaly, massaž we gözellik otaglary hödürlenýär. Myhmanhananyň daş-töweregindäki meýdanda pavyonlar, gözel gül ekilen meýdançalar, ýaşyl gazonlar we gezelenç ýollary bilen enjamlaşdyrylan dynç alyş zolagy bar. Myhmanhana VIP myhmanlaryň we wekiliýetleriň ýerleşmegi üçin niýetlenendir.