PANJUR TURKMENISTAN
“PANJUR” kompaniýasy 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde iş alyp baryp, amatly we howpsuz durmuş üçin iň gowy çözgütleri hödürleýär.
Önümçilikden başlap, gurnama tapgyryna çenli ähli çözgütlerimiz jikme-jik öwrenilýär: awtomatiki howly we garaž gapylary, penjireler we balkonlar üçin rolet-panjurlar, dükan vitrinleri üçin panjurlar, tente-markizalar, gapy hereketlendirijileri we sensor gapylar.
Müşderiniň islegi boýunça geljekki rolet-panjur üçin 3D taslama gysga wagtda taýýarlanylýar. Sebitdäki dilerler üçin ýörite arzanladyş ulgamy bar we işgärler panjur gurnamagy boýunça okadylýar.
Üstünliklerimiz:
Döwmelere garşy ygtybarly gorag
Tehniki çözgütleriň giň görnüşi
Döwrebap we owadan dizaýn
Tozandan we çygdan gorag
Uzak möhletli we ygtybarly ulanyş
Howa şertlerine çydamlylyk




