Paýhas Açary
«Paýhas açary» terjime býurosy tehniki, hukuk, lukmançylyk tekstleriniň, şahsy resminamalaryň, şeýle hem wiza almak üçin zerur bolan ähli dokumentleriň terjime hyzmatlaryny hödürleýär.
Daşary ýurda talyp ýa-da syýahatçylyk wizasy bilen gitmek, nikalaşmak, ýaşamak üçin rugsatnama ýa-da raýatlyk almak isleýän adamlar üçin resminamalary iňlis diline ýa-da kabul ediji ýurduň diline terjime etmek zerurlygy ýüze çykýar. Ilçihanalar, konsullyklar we wiza merkezleri terjimeleri bellik edilen möhletde talap edýär.
«Paýhas açary» terjime býurosy daşary ýurt dillerinde anketalary doldurmak, dokumentleri terjime etmek we möhür bilen tassyklamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Biziň terjime eden resminamalarymyz ähli döwlet edaralary we ilçihanalar, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň we Türkiýäniň ilçihanalary tarapyndan kabul edilýär.
Terjime býurosynyň Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bir binada ýerleşmegi sebäpli, şol ilçilik üçin zerur terjimeler gysga wagtyň içinde ýerine ýetirilýär.




