TIMAR
Timar mebel aksessuarlary marketimiz 2011-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň we şäherimiziň dürli künjeklerinde müşderilerimize hyzmat edip gelýär. Häzirki wagtda marketimiz Size dürli meşhur brendlere degişli bolan müňlerçe haryt görnüşlerini hödürleýär. Biz müşderilerimizden gelýän islegler we teklipler esasynda haryt assortimentimizi yzygiderli giňeldýäris.
Timar marketiniň hyzmatlaryndan has amatly peýdalanmak maksady bilen timar.com.tm web-sahypasyny döretdik. Biziň esasy maksadymyz — müşderilerimize ýokary hilli hyzmatymyzy online görnüşde hem dowam etdirip, olaryň hoşallygyny gazanmakdyr.
Indi Siz zerur bolan harytlaryňyzy öýüňizden ýa-da iş ýeriňizden çykman, online usulda aňsatlyk bilen sargap bilersiňiz. Şeýlelikde, wagtyňyzy we transport çykdajylaryňyzy tygşytlarsyňyz. Harytlaryňyz eltip berlenden soň, tölegi nagt görnüşde töläp bilersiňiz.




