Türkmen şöhle
“Türkmen şöhle” kompaniýasy, size dürli maksatlara laýyk gelýän ýokary hilli plastikdan taýýarlanan hojalyk harytlaryny lomaý satyn alma mümkinçiligini hödürleýär. Biziň ýardamlarymyz bilen siziň durmuşyňyz has hem aňsatlaşar. Hödürleýän harytlarymyz gündelik durmuşda taýsyzdyr hem-de siziň endik eden hammam, aşhana, çagalar otagy we myhman otagyňyza sazlaşykly gelşik berer.
Ähli ajaýyplyk ýaly “Türkmen şöhle” kompaniýasy, harytlary saklamak we ýygnamak meselesinde sada çözgütleri bilen diňe bir wagty tygşytlamak däl eýsem serişdeleri tygşytlamakda hem giň mümkinçilikleri berýändir. Biz türkmen söwda bazaryna bir tapgyr plastik bedrelerini öndürmek bilen çykdyk we şol günden bäri biziň hemişeki assortimentimiz gün-günden giňeýär. Biziň konweýerimizde öndürilen her bir önüme kepil bolýarys.
Biziň önümçiligimiz — ýokary tehnologiýa hem-de adam we gurşaw üçin howpsuz bolan innowasion materiallaryň utgaşmagynyň netijesidir. Dürli görnüşli önümlerimiziň önümçiliginde döwrebap polimerler (polisterol, polietilen, polipropilen) hem-de plastik massasyna gerek bolan reňki we berkligi berýän goşundylar ulanylýar. Her bir maksada laýyk gelýän we özboluşly bezege eýe bolan harytlarymyz kompaniýamyzyň tejribeli konstruktorlarynyň çeper elleriniň netijesidir.
Biziň bäsdeşlik aýratynlyklarymyz:
• Önümiň ergonomiki we estetiki ýokary standartlary
• Haryt görnüşleriniň täzelenmegi we artdyrylmagy
• Önümçiligi awtomatlaşdyrma
• Maýadarlar üçin özüne çekijilik
Biziň ýörelgämiz:
• Biz müşderi merkezli kompaniýadyr. Biz kim üçin işleýändigimizi bilýäris we işimizi söýýäris.
• Biz önümlerimizi alyjylaryň isleglerine görä öndürýäris.
• Biz sada we özüne çekiji çözgütleri halýan adamlar bilen işleşýäris we olara düşünýäris.
• Biz döredijilikli toparymyz bilen ösüşe we durnukly ösüşe üns berýäris.
• Maksadymyz — maksimal takyk netije gazanmak.
Biziň iň uly üstünliklerimiz — entek öňdedir.
Sizi biziň üstünliklerimiziň bir bölegi bolmaga çagyrýarys!




