Tema

0
0 syn
Ýaht-klub “Elken” (Yelken) syýahat-dynç alyş toplumy
19

Ýaht-klub “Elken” (Yelken) syýahat-dynç alyş toplumy

Yelken Ýaht-kluby dynç alyşy, güýmenjäni we sporty bir ýerde birleşdirýär. Kaşaň ýaşaýyş mümkinçilikleri we giň durmuş meýdançalary bilen doly bagtly dünýäni hödürleýär.

Türkmenistanyň syýahatçylyk merkezi bolan Awazada ýerleşýän Yelken Ýaht-kluby sebitdäki iň giň gerimli we iň amatly toplumlaryň biridir.

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän klub takmynan 1 km uzynlygyndaky plýažy bilen özboluşly ýerleşişe eýedir.

Türkmenbaşy şäheriniň merkezinden 20 km, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden bolsa 25 km uzaklykda ýerleşýän bu klub özboluşly artykmaçlyklary bilen sizi täze dünýäni başdan geçirmäge çagyrýar.