“Altyn-Arzuw” gül dükany — Aşgabatda ýokary hilli güller
ylalaşykly
Sargydyň iň az mukdary:
1 sany
Tabşyryş şertleri:
EXW
Töleg şertleri:
S.W.I.F.T
Altyn Arzuw
- print@altyn-arzuw.com
- +99312455550
Kärhana goşuň
Ulgama gir
Sargydyň iň az mukdary:
1 sany
Tabşyryş şertleri:
EXW
Töleg şertleri:
S.W.I.F.T
Altyn Arzuw
“Altyn-Arzuw” gül dükanynda Siz hemişe owadan gül çemenlerini amatly bahadan satyn alyp ýa-da telefonda floristimiz bilen öňünden habarlaşyp, Aşgabat şäheri boýunça eltip berme hyzmaty bilen sargap bilersiňiz.
“Altyn-Arzuw” — häzirki zaman hyzmatlary, ýokary hilli güller we çalt eltip bermek hyzmatydyr.
Biz gül kompozisiýalarynyň giň görnüşini hödürleýäris we islendik sebäp — doglan gün, ýubileý, duşuşyk ýa-da başga aýratyn waka üçin eksklýuziw çemen taýýarlamaga hemişe taýyndyrys.
Söýgüli zenanyňyza näme sowgat etmelidigi ýa-da işdeşiňize, ýolbaşçyňyza, joraňyza näme bermelidigi hakda çäklendirme barmy? Iň amatly we hiç haçan utuldyryp bilmejek çözgüt — eltip berme hyzmatly gül sargyt etmekdir.
Biz sargyt edilen gülleri şol gün eltip berýäris, şonuň üçin Siziň sowgadyňyz degişli wagtynda gowşadyljakdygyna doly ynanyp bilersiňiz.
“Altyn-Arzuw” gül dükanynyň çemenleri häzirki zaman, täze we özboluşly görnüşi bilen tapawutlanýar. Katalogdaky dürli görnüşleriň içinden islendik wakany sazlaşdyryp saýlap bolýar. Kurýerlerimiz siziň görkezmegiňiz boýunça islendik salgy — ofis, restoran, jaý ýa-da başga ýerine sargydy eltip bererler.
Biziň katalogymyzda ähli harytlar görkezilen däl. Gülleriň ýany bilen biziň çaphanamyzdan otkrytka ýa-da kiseme ýadygärlik sowgat sargyt edip bilersiňiz. Bu bolsa Siziň sowgadyňyzy has hem özboluşly edýär.
Eger aýratyn we üýtgeşik sowgat etmek isleseňiz — gül çemenini meýilnamaňyza görä aýratynlykda düzdürip, öýe ýa-da işe eltip bermäge sargyt edip bilersiňiz.
Her bir kompozisiýanyň üstünde tejribeli floristler işleýärler — olaryň her biri çemeniň düzümine we bezegine aýratyn üns berýär.
Aşgabat boýunça “Altyn-Arzuw” gül dükanynyň eltip berme hyzmatyny saýlamak bilen Siz ýokary hilli gül, owadan bezeg we häzirki zaman hyzmaty alýandygyňyza ynanyp bilersiňiz.