TUT
Alkogolsyz, ýokary hilli içgileriň öndürijisi “Jadyly çeşme” HK “TUT” brendiniň üsti bilen, özüniň heniz ýaş kärhanadygyna garamazdan Türkmenistanyň ilatynyň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolup barýar we bazardaky satuw paýyny artdyrmak bilen giňelmegini dowam etdirýär.
Häzirki wagtda kärhanada 100-den gowyrak ýokary başarnykly işgärler zähmet çekip 10 görnüşli içgileriň önümçiligi Gündogar Ýewropada maşyngurluşyk pudagynda öňdebaryjy ýurtlaryň biri Polşadan getirilen ylymyň iň soňky gazanan tehnologiki enjamlarynda ýola goýulan. Kärhanamyzyň öz laboratoriýasynyň bolmagy, öndürilen her bir önümçilik partiýanyň hiline gözegçilik etmeklige we Polşadan çagyrylan hünärmenleriň önümlerimiziň yzygiderli hilini ýokarlandyrmagyň üstünde işlemegi bize geljekde uly üstünlikleri nazarlamaga mümkinçilik berýär.
Önümçilikden daşary biziň öz bölek satuw ulgamymyz ýola goýulan we her welaýat merkezlerinde yzygiderli marketing aksiýalaryny gurnamak we dolandyrmak boýunça edara ediş merkezlerimiz işleýär.