Ýükleri Ekspeditorlyk hyzmatlary
ylalaşykly
Tekiz Ýol
- info@tekizyol.com
- +99312238912
Kärhana goşuň
Ulgama gir
Tekiz Ýol
Ekspeditorlyk hyzmaty — bu ýüküň ýörite işgär tarapyndan doly gözegçilikde alnyp barylmagy diýmekdir. Bu hyzmat müşderä daşama bilen baglanyşykly ýüze çykyp biljek köp kynçylyklardan gaça durmaga kömek edýär.
Ulag-ekspeditorlyk hyzmaty — bu ýüküň doly ugradylmagy we şol bilen bagly ähli hyzmatlardyr. Ekspeditor ynanyş haty (dowarennost) esasynda ýüki kabul edýär, resminamalary düzüp berýär we soňra ýüki şahsy taýdan alyjysyna ýetirýär.
Ýük daşamak — bu birnäçe işleriň toplumyndan ybarat çylşyrymly bir amal bolup, her ýagdaý belli bir tertipde resminama üpjünçiligini talap edýär. Ýüküň görnüşine görä dürli gaplama, ýörite ulgamlaryň, ýükleýiş-enjiň ulanylmagy zerur bolýar. Şeýle hem serhet geçmek bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykýar, bu bolsa degişli ýurtlaryň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda ýörite çäreleri talap edýär.
Bu çäreleriň hemmesi ýokary derejeli taýýarlygy talap edýär, köplenç bolsa degişli bilimsizlik sebäpli ýük birnäçe günläp bökdep bilýär. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin ekspeditorlyk hyzmaty ulanylýar. Bu hyzmaty sargyt etmek üçin diňe bir ýük ýollanma resminamasyny doldurmak ýeterlikdir, galan ähli resminamalary we işlerimizi ýörite ekspeditor hünärmeni ýerine ýetirýär. Köplenç bu hyzmat «gapydan-gapya» daşamalar üçin sargyt edilýär. Şeýle daşamalar birnäçe ulag görnüşiniň ulanylmagyny, köp sanly resminamalaryň taýýarlanylmagyny we logistiki tapgyrlaryň dogry gurulmagyny talap edýär.
«Tekiz Yol» kompaniýasy ýokary derejeli, tejribeli ekspeditorlary bilen hyzmat edýär. Biziň hünärmenlerimiz siziň çykdajylaryňyzy optimizirlemäge, iň amatly ýol ugruny düzmäge we ýüküňizi howpsuz, tiz we dogry görnüşde eltmäge kömek eder. Biz ekspeditorlyk hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürleýäris.
Eger ekspeditorlyk hyzmatlary barada goşmaça soraglaryňyz bar bolsa, biziň menejerlerimiz bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris — biz size doly maglumat bereris!