BARLAR

Bahasy: ylalaşykly

Ýyldyz myhmanhanasynda saýlamak üçin birnäçe bar bar: Mezanin bary, Panoramaly bar, SPA bary we howuzyň ýanyndaky bar.

Mezanin bary ýakymly atmosfera, rahatlandyryjy aýdym-saz we amatly yşyklandyryş bilen tapawutlanýar. Söhbetleriňize ýokary derejeli içgiler, özboluşly kokteýller, aperitiwler we ýeňil naharlar ýaraşyk goşar.

Panoramaly bar myhmanlaryna dünýä aşhanalarynyň tagamlaryndan düzülen baý we lezzetli menýuny hödürleýär. Aşgabadyň ajaýyp görnüşinden lezzet alyp, meşhur içgileriň datmasyndan dadyp görüň. Panoramaly bar dostlukly söhbetler üçin iň gowy ýerleriň biridir.

Ýyldyz SPA merkezinde arassalanma we janlanma duýgusyny başdan geçireniňizden soň, SPA barynyň serginlediji içgileri bilen ähli energiýaňyzy dikeldiň. SPA bary saglygyňyzy gowulandyrmak üçin täze sykylyp alnan şireleri, kokteýlleri we ot-çöpli çaýlary hödürleýär.

Howuzyň ýanyndaky bar Ýyldyz myhmanhanasynda howuz başynda dynç alýan wagtyňyz açlygyňyzy basmak üçin ajaýyp ýerleriň biridir. Bu ýerde açlygy basýan tagamly aperitiwleri we ýeňil naharlary tapyp bilersiňiz.

Meňzeşler

Müşderiler şu harytlary hem gördüler

Satyjynyň beýleki hyzmatlary

Bular hem ünsüňizi çekip biler

Meşhur brendler

Müşderi synlary