Işewürlikde her bir minut örän möhümdir. Biz muny gowy düşünýäris we myhmanlarymyzyň wagtyna ýokary baha berýäris. Şonuň üçin myhmanlarymyzyň gymmatly wagtyny ýitirmän, ähli iş meselelerini göni myhmanhananyň binasynda çözmegi üçin amatly şertleri döredýäris.
Resmi kabul edişler, konferensiýalar, maslahatlar, seminarlar we şuňa meňzeş çäreler Ýyldyz myhmanhanasynyň kämilligi netijesinde halkara standartlaryna laýyk derejede geçirilýär.
Meýdany 1000 m² bolan Ýyldyz myhmanhanasynyň kongress merkezi özboluşly arhitekturasy bilen 600-den gowrak adamy kabul edip bilýär. Hereketli bölüji diwarlaryň kömegi bilen konferens zaly 30–40 adamlyk kiçi auditoriyalardan başlap, 200–250 adamlyk zallara çenli üýtgedilip bilner.
Iň döwrebap tehniki mümkinçilikler we ýokary hyzmat hili kongress merkezi tarapyndan hödürlenýän ähli hyzmatlaryň kemsiz ýerine ýetirilmegini kepillendirýär.

