Tema

m

TMT

$

USD

m

TMT

EUR

Harytlaryň halkara daşalyşynda daşaýjylaryň raýat jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş düzgünleri
Harytlaryň halkara daşalyşynda daşaýjylaryň raýat jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş düzgünleri
KEPILLI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ logo

KEPILLI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

  • info@kepil.com.tm
  • +99312414176

Düşündiriş

Harytlaryň halkara daşalyşynda daşaýjylaryň raýat jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş düzgünleri

«Kepilli Ätiýaçlandyryş» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (Ätiýaçlandyryjy) halkara gatnawlaryny ýerine ýetirýän daşaýjylaryň raýat jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyrmak (ätiýaçlandyryş şertnamasy) baradaky şertnamany Türkmenistanyň hukuk we fiziki şahslary, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bellige alnan ýa-da hereket edýän daşary ýurt hukuk şahslary (şol sanda olaryň şahamçalary we wekiller), şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar (Ätiýaçlandyrylanlar) bilen baglaşýar. Bu daşamalar TIR karnetli Harytlaryň Halkara Daşalyşy baradaky Gümrük Konwensiýasynyň şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

Ätiýaçlandyrylan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapydyr, ätiýaçlandyryş tölegini (ätiýaçlandyryş primini) töläp, ätiýaçlandyryş obýekti boýunça ätiýaçlandyryş gyzyklanmasy bolan doly hukukly fiziki ýa-da hukuk şahsy.

Ätiýaçlandyryşyň obýekti – ätiýaçlandyrylan şahsyň gümrük edaralaryna bolan borçlary bilen baglanyşykly emläk bähbitleridir.

Meňzeşler