Köp görnüşli daşamalaryň hyzmaty
ylalaşykly
Gadamly Inžener
- info@gadamly-engineer.com
- +99312980113
Kärhana goşuň
Ulgama gir
Gadamly Inžener
Logistika kompaniýamyz ýük awtoulaglary, deňiz gämileri, demirýol wagonlary we howa ulaglary arkaly birleşdirilen daşama çözgütlerini hödürleýär.
Köp görnüşli daşamalar aşakdaky ýagdaýlarda has netijelidir:
bir ulag görnüşi arkaly ýükleri bellenen ýere eltip bolmaýan halatlarda;
maliýe taýdan peýdaly ýagdaýlarda — umumy çykdajylar bir görnüşli daşamadan has az bolýar;
käbir ulag ugurlarynyň aşa köp ulanylmagy sebäpli göni eltip bermek mümkin bolmadyk ýagdaýlarda.
Bu görnüşli daşamada ýük biri-birinden dürli ulag serişdeleri arkaly tapgyrlaýyn daşalýar, ähli işleri bolsa köp görnüşli daşama operatory dolandyrýar we degişli şertnama esasynda jogapkärçilik çekýär.
Biziň artykmaçlyklarymyz:
• Ýük eýesi üçin ulag çykdajylaryny azaltmak;
• Eltip beriş wagtyny iň oňaýly görnüşde sazlamak;
• Ýüküň zeperlenmek howpuny iň az derejä getirmek;
• Islendik möçberdäki ýükleri daşamak mümkinçiligi;
• Her tapgyrda gözegçilik we toplumlaýyn logistika dolandyryşy.