Tema

m

TMT

$

USD

m

TMT

EUR

Üstaşyr ýükleri resmileşdirmek
Üstaşyr ýükleri resmileşdirmek
Aziýa Ulaglary logo

Aziýa Ulaglary

  • asia-info@aziya-ulaglary.com
  • +99312480331

Düşündiriş

Üstaşyr gümrük tertibi boýunça Türkmenistanyň serhedinden daşalýan harytlary we ulaglary ýerleşdirmek “ASYCUDA World” maglumat ulgamy arkaly amala aşyrylýar.

Üstaşyr gümrük rugsadyny almak üçin daşaýjy ýa-da ekspeditor gümrük gullugyna aşakdaky resminamalary tabşyrýar:

  • Ulag (daşama) resminamasy (SMR, uçar, demir ýol ýanhaty, ýük daşama kagyzy we ş.m.)

  • Söwda resminamasy (hasap-faktura, proforma-faktura)

  • Gaplama (ugratma) kagyzlary

  • Harytlaryň gelip çykyşy barada şahadatnama (ST-1, ST-2, "A" görnüşiniň şahadatnamalary) ýa-da harytlaryň gelip çykyşyny tassyklaýjy deklarasiýa

  • Gerek bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilen, gümrük serhedinden harytlaryň daşalmagy baradaky çäklendirmeleriň berjaý edilýändigini tassyklaýan rugsatlar, ygtyýarnamalar, şahadatnamalar we (ýa-da) beýleki resminamalar

Meňzeşler