Professional jogapkärçilik ätiýaçlandyryşy
ylalaşykly
KEPILLI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ
- info@kepil.com.tm
- +99312414176
Kärhana goşuň
Ulgama gir
KEPILLI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ
Ätiýaçlandyrylan – Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapynyň biri bolan ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şeýle hasaplanýan, ätiýaçlandyryş tölegini (prima) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda bähbidi bolan şahsyýet ýa-da hukuk şahsyýeti.
Professional jogapkärçilik – Ätiýaçlandyryjy tarapyndan öz hünär işini ýerine ýetirýän wagtynda sypaýsyzlyk, nebsizlik ýa-da tejribesizligi netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we/ýa-da emlägine ýetirilen zyýany öwezini dolmak boýunça borçnamasydyr.
Ätiýaçlandyryşyň obýekti şu şertlere laýyklykda – Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu düzgünlere ters gelmeýän, ätiýaçlandyryjynyň şahsy emläk bähbitleri bolup, onuň hünär işi (borçnamalaryny ýerine ýetirmegi) bilen baglanyşykly, üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we/ýa-da emlägine bijehden ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça borçlaryna degişli bolup biler.
Hünär işiniň belli bir görnüşi boýunça goşmaça ätiýaçlandyryş şertlerinde, ätiýaçlandyryşyň obýekti degişli hünär işiniň aýratynlygyna görä kesgitlenip ýa-da giňeldilip bilner.