Irden sizi gyzgyn kofe we tagamly ertirlik garşylaýar, günortan — dürli lezzetli naharlar, agşam bolsa — ajaýyp içgiler, dünýä aşhanalarynyň nepis tagamlary hem-de paýtagta we Köpetdag daglaryna açylýan täsin panorama garaşýar.
Hünäriniň ussady bolan şef-aşpezler tarapyndan taýýarlanan adaty we deňsiz-taýsyz tagamlar iň talapkär gurmanlaryň hem göwnünden turar.
Panoramaly restoranyň VIP zalynda işewür agşam nahary ýa-da hususy çäre geçirmek üçin öz toparyňyz bilen aýratynlykda wagt geçirip bilersiňiz. Agşamky wagtda «janly» aýdym-saz ýaňlanýar, bu bolsa size hoş wagt geçirmek üçin ajaýyp şert döredýär.



