SPA merkezimiz 2500 m² meýdanda ýokary takyklyk bilen gurlup, dünýä masşaj edebiýatynda beýan edilen dürli masşaj usullaryny we bejeriş proseduralaryny hödürleýär. Ähli hyzmatlar tejribeli we professional topar tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Gözellige ähmiýet berýän we täze tehnologiýalaryň hünärli ellerde nähili täsirli netijeleri berýändigini görmek isleýän myhmanlarymyzy SPA merkezimize çagyrýarys.
Fit & SPA — bu SPA hyzmatlarynyň doly toplumydyr we Aşgabat şäherindäki iň gowy SPA merkezleriniň biri hökmünde baha berilýär. Esasan hem gidroterapiýa hyzmatlary giňişleýin bejeriş usullaryny, tebigy sagaldyş metodlaryny we SPA önümlerini öz içine alýar.
Saglygy we gözelligi gowulandyrmak üçin taýýarlanan toplumlaýyn bejeriş programmalary bedeniň dynç almagyna we dikeldilmegine gönükdirilendir. Biz günüň islendik wagty proseduralary hödürleýäris: irden oýanmak üçin ýörite rituallar, gündiz beden dikeldiş rituallary, agşam bolsa dynç alyş we rahatlandyryş rituallary. Şeýle hem, gije-gündiz ajaýyp görnüşde bolmak üçin kosmetiki ideg hyzmatlary bar.



