Betbagtçylykdan ätiýaçlandyryş
ylalaşykly
KEPILLI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ
- info@kepil.com.tm
- +99312414176
Kärhana goşuň
Ulgama gir
KEPILLI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ
Ätiýaçlandyryş obýekti – ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne, saglygyna we zähmet ukybyna degişli bolan şahsy bähbitlerdir.
Ätiýaçlandyrylan şahs – ömrü, saglygy we işleýän ukyby bilen baglanyşykly şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolan we onuň peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan fiziki şahs.
Ätiýaçlandyryjy hökmünde hukuk ukyby doly bolan fiziki şahslar, ýagny 18 ýaşdan ýokary adamlar çykyş edip bilerler, şol bir wagtyň özünde ätiýaçlandyryş möhletiniň tamamlanýan gününde olaryň ýaşy 75 ýaşdan geçmeli däldir.
Ene-atalar (çagany öz eline alanlar), beýleki garyndaşlar, hossarlar ýa-da ygtyýarlylar 1 ýaşdan uly çagalaryň peýdasyna betbagtçylykdan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşyp bilerler, emma ätiýaçlandyryş möhleti tamamlananda çaganyň ýaşy 18 ýaşdan geçmeli däldir