Tema

m

TMT

$

USD

m

TMT

EUR

Ýaşaýyş jaýlaryny ätiýaçlandyrmak
Ýaşaýyş jaýlaryny ätiýaçlandyrmak
KEPILLI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ logo

KEPILLI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

  • info@kepil.com.tm
  • +99312414176

Düşündiriş

Ätiýaçlandyryşyň obýektleri hökmünde Ätiýaçlandyryjynyň (Ýokary bähbitdaryň) hususy eýeçilik hukugy esasynda degişli bolan ýaşaýyş jaýlary çykyş edip biler. Munuň içine aýratyn duran ýaşaýyş jaýlary ýa-da köp öýli ýaşaýyş jaýyndaky kwartiralar girýär. Şeýle hem ähli gurluşyk bölekleri, bezeg we enjamlary öz içine alýar:
diwarlar we bölüji diwarlary (obýu bilen ýa-da beýleki örtükler bilen); pol, potolok, obýu bilen gapylar; penjire we gapy çarçuwalary; aýna we witražlar; gapy tutawaçlary; gulplar; elektrik jaňlary; elektrik simleri we hasaplaýjy enjamlary; suw geçiriji enjamlary; gyzdyryş enjamlary we beýleki degişli bölekler.

Şu Düzgünleriň esasynda aşakdaky ýaşaýyş jaýlary ätiýaçlandyrylyp bilinmez:

a. bellenilen tertipde ýaşamak üçin peýdaly däl ýa-da awariýa ýagdaýynda diýlip ykrar edilen jaýlar;
b. süýşmeler, suw joşmalary ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyk howpy bilen baglylykda ýaşamak üçin howply ýerlerde ýerleşýän jaýlar — şeýle howpuň resmi taýdan yglan edilen ýa-da degişli edaralar (gidrometeorologik gulluk we beýlekiler) tarapyndan degişli resminama (akt, netije we ş.m.) bilen tassyklanan pursatyndan başlap;
c. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ulanyşa kabul edilmedik (ekspluatasiýa girizilmedik) jaýlar.

Meňzeşler