Asia trend market logoAsia trend market logo
ru
Русский
en
English

Ýagty

Habarlaşmak +993 71 690907
Kärhanalar
Harytlar
Hyzmatlar
Bildirişler

Baş sahypa

Kärhanalar

Harytlar
Hyzmatlar
Kärhanalar

    DÖWREBAP ÇEMELEŞME

    VIP
    5
    |
    337

    Hyzmatlar

    “Döwrebap Çemeleşme” hususy kärhanasy köp ýyllardan bäri dürli ugurlarda ýokary hilli hyzmatlary we harytlary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Biziň esasy ugurlarymyz gümrük taýdan resmileşdirmek, terjime hyzmatlary hem-de iýmit goşundylarynyň we ys berijileriň söwdasydyr. Biz müşderilerimize ygtybarly, çalt we hünär taýdan çözgütleri hödürlemegi maksat edinýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    337
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Depginli Ädim

    VIP
    5
    |
    512

    Hyzmatlar

    Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda ygtybarly hyzmatdaşy bolup, ýöriteleşdirilen, tehniki hyzmat we üpjünçilik hyzmatlaryny hödürleýär. Hil, netijelilik we innowasiýa ýörelgelerine berk eýerip, müşderilerimiziň önümçilik ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyna we iş netijeliligini artdyrmagyna kömek edýäris. Biziň hünär tejribämiz, pudak boýunça çuň bilimimiz we müşderä gönükdirilen çemeleşmämiz ähli taslamalarda hyzmatlaryň bökdençsiz ýerine ýetirilmegini, duraklamalaryň azaldylmagyny we öndürijiligiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    512
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    At Abraý

    VIP
    5
    |
    997

    Hyzmatlar

    Hojalyk jemgyýeti "At-Abray" — Türkmenistanyň iň iri logistika kompaniýalarynyň biridir. Ýurdumyzda gämi gurluşygynyň we gämi abatlaýyş pudagynyň ösmegi, şeýle hem Hazar deňziniň Türkmenistanyň böleginde ýüzýän gämileriň ýyllyk abatlaýyş zerurlygyny göz öňünde tutup, kompaniýamyz gämi abatlaýyş işine girişmek kararyna geldi. Gämi dolandyryş bölümi 2021-nji ýylda döredildi. Bölümiň işgärleriniň sany 104 adamdan ybaratdyr. Olar hatarasynda ofis işgärleri, inženerler, mehanikler, elektrikler we kebşirçiler bar. Bölüm gämi abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan gurallara, enjamlara, mehanizmlere we tehniki serişdeler bilen üpjün edilendir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    997
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    TAKYK TOPAR

    VIP
    5
    |
    342

    Hyzmatlar

    “Takyk topar” hususy kärhanasy Türkmenistanyň çäginde we onuň daşynda ýükleri daşamak, Ýükleri ekspedisiýa etmek, howply ýükleri daşamak, gurulşyk tehnikalaryny kärendesine bermek we himiki önümleriň lomaý söwdasy bilen meşgullanýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    342
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Hazar Tolkuny

    VIP
    5
    |
    345

    Hyzmatlar

    «Hazar-Tolkuny» HK ulag-logistika kompaniýasy ammar we ýük daşama hyzmatlaryny iň ýokary derejede hödürleýär. Logistika arkaly çykdajylaryny azaltmak isleýän täze müşderileri we hyzmatdaşlary özüne çekýär. Kompaniýanyň ýokary derejeli logistika menejerleri her bir müşderä aýratyn çemeleşip , logistika proseslerini hünär taýdan gurýarlar we meseleler üçin iň amatly çözgütleri hödürleýärler. Harytlaryň kompaniýanyň ammarlarynda merkezleşdirilen görnüşde ýerleşdirilmegi olaryň howpsuzlygyny we saklanyşyny üpjün edýär. Resminamalaryň çalt we ýokary hilli taýýarlanylmagy ýükleriň daşalmagynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna doly laýyk gelmegini kepillendirýär — bu netijeli logistikanyň möhüm şertidir. Professional autsorsing hyzmatlaryny ýerine ýetirip, «Hazar-Tolkuny» HK orta we iri biznes üçin toplumlaýyn hem-de netijeli logistika çözgütlerini hödürleýär. Kompaniýanyň esasy maksady — müşderileriň iş üstünliklerine logistika gurallary arkaly goldaw bermekdir .

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    345
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Ajaýyp Umman

    VIP
    5
    |
    324

    Hyzmatlar

    “Ajaýyp Umman” transport-logistika kompaniýasy awtomobil arkaly ýük daşamak boýunça giň gerimli hyzmatlary hödürleýär. Şeýle hem kompaniýamyz ýörite awtoulag serişdeleri bilen iri göwrümli (ulgamlaýyn) ýükleriň daşalmagyny amala aşyrýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    324
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Altyn Bedew

    VIP
    5
    |
    276

    Hyzmatlar

    Biz ýokary hilli dokma kompaniýasy, önümlerimiz ýokary hilli, ygtybarly we ajaýyp gözelliklidir. Şeýle hem, kompaniýamyz ýük daşamak hyzmatlaryny ygtybarly, çalt we amatly nyrhlarda hödürleýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    276
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Shift Global

    VIP
    5
    |
    289

    Hyzmatlar

    SHIFT GLOBAL — halkara daşama hyzmatlarynda ýöriteleşen we ýükleri doly goldaýan logistika kompaniýasydyr. Biz deňiz we awtomobil ýük daşamalaryny amala aşyrýarys, ygtybarly we wagtynda eltmegi üpjün edýäris. Işjeňlik ugurlary: Türkiýeden Merkezi Aziýa, Eýrana we Ýewropa çenli. Biz doly hyzmatlary hödürleýäris: gaplamakdan we saklamadan başlap, gümrük resmileşdirmegine çenli, her tapgyrynda howpsuzlygy we dolandyryşy üpjün edýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    289
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Keremli Ýollar

    VIP
    5
    |
    560

    Hyzmatlar

    Kompaniýa daşary ýurt we türkmen kärhanalary bilen hyzmatdaşlykda işlemek boýunça uly tejribä eýedir. Bu bolsa müşderilere ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge, çylşyrymly meseleleri hünär taýdan çözmäge we elýeterli bahalary üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, kompaniýa bazarda özüni ynamly görkezýär we ýüze çykýan meseleleri çalt hem-de netijeli çözýär. Häzirki wagtda “Keremli Ýollar” HJ resmi gümrük dellaly bolup, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük dellallarynyň resmi sanawyna girizilendir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    560
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Merjen Ýol

    VIP
    5
    |
    352

    Hyzmatlar

    Merjen Yol transport-logistika kompaniýasy ýük daşama bazarynda 8 ýyldan gowrak wagt bäri işjeň hereket edip gelýär. Logistika ulgamynda köp sanly ugurlar we inçelikler bar bolup, olar ulag-logistika zynjyrynyň ähli gatnaşyjylary bilen işlemekde çuň bilimleri we baý tejribäni talap edýär. Halkara transport kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygymyz hyzmatlaryň hili boýunça halkara standartlaryna laýyk gelýän bitewi we ygtybarly iş mehanizmini döretdi. Biz müşderilerimiziň isleglerine laýyklykda şahsy hyzmatlary hödürleýäris we zerur ýüküňizi ýerüsti, deňiz ýa-da howa arkaly daşamak üçin iň amatly çözgütleri tapýarys.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    352
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    DAG ETEK

    VIP
    5
    |
    589

    Hyzmatlar

    Dag Etek, 107 işgäri bolan hususy kärhana bolup, 2016-njy ýylda esaslandyryldy we öz işine Türkmenistanyň çäginde we  halkara ulgamda  Russiýa, Türkiýe, Özbegistan, Owganystan, Eýran, Azerbaýjan, Gürjüstan ýaly ýurtlara gurluşyk taslama materiallaryny we dürli ýükleri daşamak bilen başlady. 2018-nji ýylyň maý aýyndan başlap, Dag Etegiň eýeçiligindäki 100-den gowrak ýörite maksatly gurlyşyk tehnikalar we enjamlar bilen (ýörite agyr tehnikalar hemde ýokary basyşly enjamlar bilen) üpjün etmek işine,  Bouygues Batiment International, Renesans Türkmen, Wozrojdeniye AO ýaly abraýly gurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşdyk. Toparymyz 2018-nji ýylyň Noyabr aýyndan 2021-nji ýylyň Maý aýyna çenli 24 halkara asyl enjam öndürijilerinden 110 şertnama arkaly 60 ýerli müşderi üçin 139 amal üpjünçiligi ýerine ýetirdi. Dag Etek, müşderilerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak, kadalaşdyryjy talaplary ýerine ýetirmek we täsirli hil ulgamyny üznüksiz gowulaşmak we saklamak maksady bilen  ISO 9001: 2015 sertifikaty arkaly öz hyzmatlaryny kepillendirdi.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    589
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    DAG AŞAR

    VIP
    5
    |
    290

    Hyzmatlar

    "Dag Aşar" kompaniýasy –amatly ýük gatnawlarynda we logistika hyzmatlarynda maksadyna okgunly we tiz ösüşlere eýe bolan kompaniýadyr. Häzirki wagtda biz dünýäniň islendik ýerine ýük gatnawlaryny amala aşyrýarys. Kompaniýanyň hünärmenleri ýükleriň tiz we ynamly görnüşde eltilmesi üçin iň amatly çözgütleri hödürleýärler. Biziň kompaniýamyzy saýlamaklyk bilen biziň ýokary hilli we ynamdar hyzmatlarymyzdan peýdalanarsyňyz.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    290
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Payhas Merkezi

    VIP
    5
    |
    565

    Hyzmatlar

    «Payhas Merkezi» hususy kärhanasy 2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde XCMG (Xuzhou Construction Machinery Group Co., Ltd.) kompaniýasynyň ygtyýarly dileri derejesini aldy. «Payhas Merkezi» HK-nyň esasy iş ugry XCMG ýörite tehnikasyna hyzmat etmekdir . Kärhanamyzda ýokary hünärli hünärmenler zähmet çekýär, olar her bir müşderi bilen aňsatlyk bilen umumy dil tapýarlar. Hünärmenler toparynyň agzybir we sazlaşykly işi «Payhas Merkezi» kärhanasynyň üstünlikleriniň kepilidir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    565
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Türkmen Cargo

    VIP
    5
    |
    2824

    Hyzmatlar

    Ýük Daşamakda Ygtybarly Hyzmatdaşyňyz Biz dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda adamlaryň durmuşynyň bir bölegi bolan ygtybarly bir klik hyzmaty Biziň bilen her bir adam öz mümkinçiliklerini amala aşyrýar Logistika her wagt işiň özeni bolupdy Ýöne bu gün ol diňe eltip bermekden has kän zat

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    2824
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Arassa express

    VIP
    5
    |
    353

    Hyzmatlar

    HJ Arassa Express 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde esaslandyryldy. Soňra Balkanabatda, Türkmenbaşyda we Ýolöten şäherinde ofisler açyldy. Kompaniýa ilki bilen göteriji we ulag enjamlaryny dolandyrmak boýunça hünärmen hökmünde işe başlady, emma nebit-gaz pudagynyň talaplaryna laýyklykda hyzmatlaryny giňeltdi. Häzirki wagtda kompaniýada Türkmenistanyň dürli şäherlerinde ýerleşýän 4 ofisde 80-den gowrak işgär zähmet çekýär. Biz halkara ýük ekspedisiýasyndan başlap, taslamalary “açar tabşyrmak” görnüşinde doly ýerine ýetirmäge çenli giň gerimli hyzmatlary hödürleýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    353
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Kervan Logistics

    VIP
    5
    |
    402

    Hyzmatlar

    Biziň missiýamyz Müşderilerimize A-dan Z-a çenli çalt we elýeterli logistika çözgütleri bilen üpjün etmek, önümçilik meselelerinde goşmaça baha we netijelilik getirmek. Gymmatlyklarymyz Iň esasy gymmatlygymyz toparymyz. Häzirki wagtda bar bolan zatlarymyz, ýokary hilli hyzmat we uzak möhletli işde üstünlik gazanmak üçin zehinli şahsyýetler toparymyzyň çeken zähmetiniň netijesidir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    402
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY KONSORSIUMY

    VIP
    5
    |
    503

    Hyzmatlar

    “Beýik ýüpek yoly” konsorsiumy transport we logistika çözgütleri boýunça öňdebaryjy operator bolup, “Toyota” -yň we Türkmenistanda DHL-iň resmi dileridir.   Müşderilere dünýä derejesindäki hyzmat, çeýe çözgütler we logistika zynjyrynyň her bir basgançagynda şahsy goldaw bermek üçin global tejribäni we giň halkara toruny birleşdirýäris. Esasy ugurlarymyz: • Transportyň ähli görnüşleri boýunça multimodal ýük daşamak • Dünýäniň her ýerinden satyn almak we daşamak • Gümrük deklarasiýasy we rugsatnamalary hasaba almak • Agentlik hyzmatlary: tertipnama, ýük daşamak, gözden geçirmek “Beýik ýüpek yoly” logistika dünýäsinde ygtybarly hyzmatdaşyňyzdyr.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    503
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Terne Logistics

    VIP
    5
    |
    983

    Hyzmatlar

    Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýasy hökmünde biz ýükleri eltip bermek we saklamak üçin ähli hyzmatlary hödürleýäris. Bütin dünýäde ýük daşaýarys. Toparymyz logistikada we ekspeditorçylyk pudagynda Türkmenistandaky iň ökde hünärmenlerden durýar. Her birimiz maksada ýetmek üçin islendik päsgelçilikleri ýeňip geçmäge taýýarys. Kepillendirilen ýokary hilli hyzmat hödürleýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    983
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

Asia trend market

Maksadymyz işiňizi ýeňilleşdirmek we satuwlaryňyzy artdyrmakdyr.Biz barada

Sosial linkler

Programmany ýükläp alyň

Get it now

Google Play

Get it now

App Store

© 2026 ASIA TREND MARKET. Ähli hukuklar goralan.
Gizlinlik syýasatyUlanyş şertleri