MB-GROUP
Hyzmatlar
“MB-GROUP” kompaniýasy Arkadagly Gahrymanymyzyň türkmen telekeçilerine bildirýän ynamyny gazanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, içerki bazarlarda bolçulyk döretmek we milli önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmak maksady bilen döredildi. Ýokary hil we elýeterli bahalar kompaniýanyň esasy ýörelgesidir. “MB-GROUP” ýerli çig maldan italýan tehnologiýasy boýunça deri önümçiligini , MB SHOES brendi astynda italýan dizaýny esasynda aýakgap önümçiligini, häzirki zaman tehnologiýalary bilen sintetik haly önümçiligini , şeýle hem özboluşly tagamlary bilen tapawutlanýan dünýä aşhanasynyň meşhur naharlaryny hödürleýär. Kompaniýanyň her bir ugrunda öz işini kämil derejede bilýän, tejribeli we ýokary hünärli hünärmenler zähmet çekýärler.
BY BENIK
Hyzmatlar
“Aşgabatda Kawkazyň tagamy” — bu adaty Kawkaz aşhanasynyň ruhuny duýup bolýan mekandyr. Biz naharlary açyk otda bişirýäris, öý reseptlerini ulanýarys we her tagamyň hakyky lezzetini saklaýarys. Biziň üçin diňe tagamyň hili däl, eýsem mähirli myhmanperwerlik hem möhümdir. Her bir myhman biziň üçin aýratyn gymmatlydyr. Sizi Aşgabatda Kawkazyň hakyky tagamyny duýmaga çagyrýarys.

