«TROPIK» gyzgyn mastikasy aýna materiallar bilen berkidilen rulon mastikali üçekleri gurnamak we abatlamak, şeýle hem ýerasty desgalary gidroizolýasiýa etmek üçin niýetlenendir. Ol ýol örtüklerindäki çatlaklary abatlamak, inžener desgalarynyň deformasiýa tikişlerini doldurmak, suw akdyryjy woronkalar gurmak, şeýle hem toprak bilen galtaşýan polat we beton bloklary hem-de sütünleri örtmek üçin ulanylýar. Gyzdyrylan ýagdaýynda ulanylýar.
Tehniki häsiýetleri:
20°C-da baglanyşma berkligi: iň az 0,15 MPa
Ýylylyga çydamlylygy: 55°C çenli
Moýluk derejesi: −15°C çenli
24 sagatda suw siňdirişi: 0,3%-den köp däl
Gurama wagty: 12–24 sagat

