Kärhanalar
HS Codes
Incoterms
Bildirişler
Gümrük nokatlar
Biz barada
Habarlaşmak
ru
Русский
en
English

Ýagty

Asia trend market logoAsia trend market logo

Baş sahypa

Kärhanalar

Harytlar
Hyzmatlar
Kärhanalar

    Mizemez Gadam

    VIP
    5
    |
    341

    Önümçilik we senagat

    Biziň missiýamyz — gurluşyk we binalaryň ulanylyşy boýunça müşderilerimize ýokary hilli, uzakmöhletleýin hem-de ekologiýa taýdan arassa önümleri hödürlemek arkaly ygtybarly hyzmatdaş bolmakdan ybaratdyr. Biz işewürlik proseslerimiziň her bir tapgyrynda hil meselelerine, müşderi kanagatlanmagyna we durnukly ösüşe aýratyn üns berýäris. Önümçiligimizi yzygiderli kämilleşdirýäris, döwrebap tehnologiýalary yzarlap durýarys hem-de işgärlerimize maýa goýmak arkaly kadrlarymyzyň mümkinçiliklerini berkitýäris. “Mizemez Gadam” kompaniýasy hökmünde biziň maksadymyz diňe işewür hyzmatdaşlarymyzyň däl, eýsem jemgyýetiň hem ynamyny gazanmakdyr. Biz jemgyýete we daşky gurşawa bolan jogapkärçiligimizi duýup, şol jogapkärçiligiň talaplaryna laýyklykda hereket edýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    341
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    MERTEBELI ZAHMET

    VIP
    5
    |
    441

    Önümçilik we senagat

    “Mertebeli Zähmet” BOPP plýonkasynyň, gurluşyk materiallarynyň, dürli görnüşli izogamlaryň, izolýasiýa mastikasynyň, bitumyň we PET-iň öňdebaryjy lomaý satuwçysy bolup, ony pudakda öňdebaryjy kompaniýa öwürýär. Mundan başga-da, ýokary hilli önümleri we berk hyzmatdaşlygy sebäpli kompaniýa bazarda ygtybarly üpjün ediji hökmünde abraý gazandy. Hünärmenler topary müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak we olara iň gowy çözgütleri hödürlemek üçin her gün işleýär. Şeýlelik bilen, “Mertebeli Zähmet” ygtybarly we ýokary hilli önümleri hödürleýän aýrylmaz hyzmatdaşdyr.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    441
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Çaly hususy kärhanasy

    VIP
    5
    |
    326

    Önümçilik we senagat

    “Çaly” hususy kärhanasy 2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde esaslandyryldy. Kompaniýany esaslandyryjy Türkmenistanyň raýaty Möwlam Çalyýew. “Çaly” Türkmenistanda gurluşyk harytlary öndürýän hususy we häzirki zaman kompaniýadyr. 2007-nji ýyldan bäri “Çaly” hususy kärhanasy Ýumşak basyrgylykly suwdan goraýan  gidroizalýasiýa materialy "Izogam” hemde bitumly Mastikasyny öndürýär. “Çaly" hususy kärhanasynda bar bolan laboratoriýanyň kömegi bilen diňe önümleriň hiline berk gözegçilik edilmän, eýsem hünärmenler hem Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda we daşary ýurtlarda jedelsiz isleg bildirilýän önümleriň geljegi uly görnüşlerini ösdürmek işleri bilen meşgullanýarlar. Bitum-emulsiýa mastik ARMAT we "Suwuk rezin" polimer önümleri we onuň esasynda döredilen "GARANT" germetigi muňa aýdyň mysal bolup biler. Bu adaty izogamyň ornuny tutýan we has giň goşundylara eýe bolan ýokary tehnologiýaly gidroizolýasiýa: - howa çalşygy, kondisioner we lagym ulgamlaryndaky bogunlary germetiklemek (silikona meňzeş); - diwarda giňelen ýerlerini doldurmak; - asfalt bölekleýin bejergi; - howuzlary we beýleki suw howdanlaryny izolýasiýa; - metaldan, betondan we agaçdan ýasalan poslama garşy örtük; - awtoulag jisimlerine we düýbüne sesden, tozandan, poslama we ş.m. goramak. Mastikany sepmek bilen ulanmak diňe bir gidroizolýasiýa örtügini 5-10 esse çaltlaşdyrman, eýsem islendik tarapa kyn ýerlere: çatryklar, eňňitler, çöketlikler we ş.m. girmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem, ulanylyş aňsatlygy üçin, gymmat bahaly import edilýän silikona meňzeş turbalarda GARANT germetigini öndürmek meýilleşdirilýär.   Mastik suwuk görnüşde ýasalýar we iş ýagdaýyna getirmek üçin ýylylygy talap etmeýär. Suw esasynda döredilen önüm ekologiýa taýdan arassa. Kompozisiýada bar bolan SBS-polimerler diňe bir önümiň häsiýetlerini ep-esli ýokarlandyrman, eýsem ýokary hilliligi sebäpli hyzmat möhletini 25 ýyla çenli uzaldýar.   "ARMAT", "Suwuk rezin" mastiki we "GARANT" germetiginiň ähli tehniki görkezijileri GOST-yň talaplaryndan ep-esli ýokarydyr: ýelim güýji - 9 kgf, ýylylyga garşylyk - 105 0С-den az däl, ýarylmaga garşylyk - 15 0С. Ýokary ýelmeşme hatda daşlary birleşdirmäge mümkinçilik berýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    326
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Derwaýys

    VIP
    5
    |
    1272

    Önümçilik we senagat

    “Derwaýys” hususy kärhanasy ýokary hilli gurluşyk harytlary bolan bitum mastikasynyň, kafel ýeliminiň we izogamyň önümçiligini alyp barýar. Kärhanada öndürilýän izogamyň birnäçe görnüşi bolup, olar klassiki, folgaly we daşly görnüşlerinden ybaratdyr. Olaryň galyňlygy 2.0 mm-den 5.0 mm çenli bolup, rulon görnüşinde öndürilýär. Öndürilýän izogamyň her bir rulonynyň meýdany 10 inedördül metre deňdir. Gurluşyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşen bu kärhanada önümçiligiň depgini barha ýokarlanýar. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana aýda müňlerçe tonna önüm öndürmek kuwwatyna eýedir. Bu ýerde ýaşlaryň onlarçasy yhlasly zähmet çekýär. Kärhanada önüm öndürmek üçin gerekli çig mallaryň esasy bölegi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar. Döwrebap kärhana gysga wagtyň içinde ýokary hilli önümleri bilen halkara bazara çykmagy başardy. Bu ýerde öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda ýokary islegden peýdalanylýar. Häzirki wagtda “Derwaýys” hususy kärhanasy öndürýän önümlerini diňe bir içerki bazara ibermek bilen çäklenmän, eýsem, Türkiýä, Gruziýa, Özbegistana, Owganystana we Täjigistana eksport edýär. Şeýle hem bu kärhana gelejekde öz öndüren önümlerini Ýewropa ýurtlaryna eksport etmegi meýilleşdirýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    1272
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Berk Gerden

    VIP
    5
    |
    507

    Önümçilik we senagat

    Berk Gerden – bitum-polimer esasly rulon görnüşli suw izolýasiýa materiallaryny (APP/SBS modifisirlenen) öndürmäge ýörelgeleşen kompaniýadyr. Biziň önümlerimiz şu ýerlerde ulanylýar: ýaşaýyş we senagat jaýlarynyň üçeklerinde, fundamentlerde we diwarlarda, podwallerde we ýerasty desgalarda, howuzlarda we suw ammarlarynda. Biz müşderilerimize ýokary hilli, berk we halkara standartlaryna laýyk önümler bilen uzak möhletli goragy hödürleýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    507
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

Asia trend market

Maksadymyz işiňizi ýeňilleşdirmek we satuwlaryňyzy artdyrmakdyr.Biz barada

Sosial linkler

Programmany ýükläp alyň

Get it now

Google Play

Get it now

App Store

© 2026 ASIA TREND MARKET. Ähli hukuklar goralan.
Gizlinlik syýasatyUlanyş şertleri