Asia trend market logoAsia trend market logo
ru
Русский
en
English

Ýagty

Habarlaşmak +993 71 690907
Kärhanalar
Harytlar
Hyzmatlar
Bildirişler

Baş sahypa

Kärhanalar

Önümçilik we senagat

Harytlar
Hyzmatlar
Kärhanalar

    Owadan Ulke

    VIP
    5
    |
    17572

    Önümçilik we senagat

    «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň çäginde guruldy we işe girizildi. Şereketimizde ilkinji bolup «NUR» haryt nyşany bilen önümler öndürilip başlandy. «NUR» haryt nyşany gysga wagtyň içinde Türkmen bazarynda berk orny eýelän markalaryň biri bolup halkymyzyň uly isleg bilen sarp etýän önümleriniň hataryna goşuldy. Mähriban halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, biziň kärhanamyzda häzirki günde «Nur», «Mylaýym» we «Hazyna» görnüşli haryt nyşanda önümler öndürilýär. «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti hil we azyk howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamlaryny durmuşa geçirdi. Kärhanada ähli önümçilik ulgamlary dolandyryş standartlarynyň we ISO9001:2015 we HACCP talaplaryna laýyk gelýär. Öndürilen önümleriň ýokary hilli halkara ülňülerine laýyk gelýär we öndürijä eksport etmäge mümkinçilik berýär. Önümlerimiziň tebigylygy «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetiniň ähli önümleri içerki telekeçiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän ekalogiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerinden öndürilýär. Biziň kärhanamyzda döwrebap tehnalogiýalar bilen öndürilýän ýokary hilli önümler daşary ýurtdan gelýän önümleriň ornuny tutyp elýeterli bahalarda ak bazarlarymyzy bezeýär we önümlerimiz halkymyz tarapyndan uly islegler bilen sarp edilýän önümleriň ilkinjileriniň hatarynda gelýär. Bu bolsa bize önümlerimiziň içerki bazarlarmyzdan artan bölegini eksport etmäge bolan mümkinçiligimizi artdyrýar.

    info@owadanulke.com+99363298228
    5
    |
    17572
    info@owadanulke.com+99363298228

    Ajaýyp Görk

    VIP
    5
    |
    8224

    Önümçilik we senagat

    “Ajaýyp Görk” hojalyk jemgyýeti 2011-nji ýyldan bäri jaýlaryň içki we daşky bezegleri bolan penoplastdan karniz we kolonna ýaly önümleri ýokary hilli öndürýär. Biziň penoplast önümlerimiziň öz agramy ýeňil bolup, gurnamak işlerinde kynçylyk döretmeýär. 100-den gowrak görnüşlerimizden öz islegiňize görä bezeg önümlerimizden saýlap bilersiňiz. Döwrebap we haýbatly jaýlaryň bezegi bolan daşky gurşaw detallar howlyňyza täze görk goşar.

    ajayypgork@gmail.com+99361599975
    5
    |
    8224
    ajayypgork@gmail.com+99361599975

    Daş

    VIP
    5
    |
    9378

    Önümçilik we senagat

    “Daş” gurluşyk we binagärlik pudaklary üçin ýokary hilli tebigy daş önümlerini hödürleýär. Kompaniýa häzirki zaman gurluşyk zerurlyklaryna laýyk gelýän dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply daşlary hödürleýär. “Daş” halkara hil standartlaryna laýyk gelmek üçin üns bilen işlenen “Oniks & Traonyx”, “Granit”, “Trawertin” we “Mermer” ýaly daş materiallarynyň ýokary hilli saýlamasyny hödürleýär. Müşderileriň kanagatlanmagyna uly üns berýän “Daş” dürli taslamalar üçin standart we ýöriteleşdirilen daş çözgütlerini hödürläp, dünýädäki hyzmatdaşlaryna hyzmat edýär.

    mbayramk@gmail.com+99371118811
    5
    |
    9378
    mbayramk@gmail.com+99371118811

    Gerek Çay

    VIP
    5
    |
    1291

    Önümçilik we senagat

    “Gerek Çay” — tebigatyň hödürleýän iň arassa we lezzetli çaýlaryny size ýetirýän kompaniýadyr. Biz müşderilerimize özboluşly ysly we tagamly ýaşyl çaýlaryň, şeýle hem dürli görnüşdäki çaýlaryň baý kolleksiýasyny hödürleýäris. Her bir bulgur çaý — rahatlygyň, dynç almagyň we aýratyn lezzetiň alamatydyr. Biziň maksadymyz — her bir müşderä tebigy we ýokary hilli çaý bilen hakykatdanam ýatdan çykmajak lezzetli pursatlary peşgeş bermekdir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    1291
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    MB-GROUP

    VIP
    5
    |
    13345

    Hyzmatlar

    “MB-GROUP” kompaniýasy Arkadagly Gahrymanymyzyň türkmen telekeçilerine bildirýän ynamyny gazanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, içerki bazarlarda bolçulyk döretmek we milli önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmak maksady bilen döredildi. Ýokary hil we elýeterli bahalar kompaniýanyň esasy ýörelgesidir. “MB-GROUP” ýerli çig maldan italýan tehnologiýasy boýunça deri önümçiligini , MB SHOES brendi astynda italýan dizaýny esasynda aýakgap önümçiligini, häzirki zaman tehnologiýalary bilen sintetik haly önümçiligini , şeýle hem özboluşly tagamlary bilen tapawutlanýan dünýä aşhanasynyň meşhur naharlaryny hödürleýär. Kompaniýanyň her bir ugrunda öz işini kämil derejede bilýän, tejribeli we ýokary hünärli hünärmenler zähmet çekýärler.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    13345
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Nesil Coffee

    VIP
    5
    |
    3752

    Önümçilik we senagat

    Biziň iş taryhymyz Biziň söwdamyz 7 ýyl mundan öň kicijik pikir ýagny, Türkmenistanyň halkyna ýokary hilli kofe önümlerini öndürmeklik bilen başlady. Arzuwlarymyzy durmusa geçirmeklik üçin Änew şäherini saýladyk we şondan bäri, biziň söwdamyz ösdi we özgerdi. Biziň Kärhanamyzyň esasy maksady dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli kofe önümleri bilen ýurdumyzy üpjün etmek we täzelenen tagamy bilen alyjylary begendirmekdir. Dörediji hakda Biziň işimizi telekeçi Tejenmyrat Baýramdurdyýew tarapyndan döredildi. Onuň dünýägaraýşy we tutanýerliligi kampanýasynyň düýbiniň tutulmagyna sebäp boldy. Tejenmyrat dine bir önümleriň hiline däl, eysem iň täze tehnologiýalary önümçilik prosesine goşmagyň möhümligine düşünýän tejribeli telekeçi. Onuň ýolbaşçylygy we kofe bolan höwesi häzirki wagtda hiline we täzeligine guwanýan markanyň döretmegine mümkinçilik berdi. Biziň wezipämiz Biziň wezipämiz ylham we şatlyk berýän ýokary hilli kofe içgileri bilen Türkmenistany üpjün etmekdir. Kofe önümlerimiz üçin iň oňat “Arabica” we “Robusta” görnüşlerinden kofe dänelerini saýlap alýarys we 3 i 1 ýerde garyndylarymyz üçin ýörite tagamlary we reseptleri ulanýarys. Önümcilik prosesinde ulanylýan döwrebap tehnologiýalarymyz önümçiligiň her bir tapgyrynda yzygiderli hil we baý tagam üpjün edýär. Müşderilerimiz bizi saýlaýarlar, sebäbi biz olaryň zerurlyklaryna sarpa goýýarys we diňe bir kofe däl, eýsem hakyky lezzet hödürlemäge çalyşýarys.Döwrebap çemeleşmämiz we iň täze enjamlary ulanmak netijesinde Türkmenistanda ýokary hilli kofe islegini kanagatlandyrýarys. Üstünlikler we geljek Täzeçillik çemeleşmämiz we iň täze enjamlary ulanmak netijesinde Türkmenistanda ýokary hilli kofe islegini kanagatlandyrýarys. Önümlerimiz diňe bir ýerli sarp edijileri begendirmek bilen çäklenmän, ýurduň çäginden daşarda-da tanalýar. Ösmegi dowam etdirýäris we Merkezi Aziýada kofe bazarynda öňdebaryjy bolmagy, täze önümleri döretmegi we gözýetimlerimizi giňeltmegi maksat edinýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    3752
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Täze Aý

    VIP
    5
    |
    17835

    Önümçilik we senagat

    «Täze Aý» kärhanalar topary – şöhlat önümleriniň, konditer we süýt önümleriniň iň iri öndürijileriniň biridir, azyk önümleriniň jemi 500 töweregi görnüşini öndürýär. Önümçilik desgalary azyk önümleriniň hil we howpsuzlygynyň halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylandyr. Kärhanalarda ISO 9001:2015 talaplaryna laýyk gelýän hil dolandyryş ulgamy hem-de ISO 22000:2018 azyk önümleriniň howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamy işläp gelýär, bu bolsa her bir fabrigiň degişlilyk şahadatnamalarynyň bolmagy bilen tassyklanýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    17835
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Medine Örgüleri

    VIP
    5
    |
    838

    Önümçilik we senagat

    Biz owadan we döwrebap örülen sumkalary amatly bahadan hödürleýäris. Önümlerimiz müşderileriň islegine görä taýýarlanylýar — reňk, ölçeg we dizaýn boýunça aýratyn sargytlary kabul edýäris. Maksadymyz, hil bilen estetiki görnüşi utgaşdyryp, her müşderini kanagatlandyrmakdyr.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    838
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Parahat

    VIP
    5
    |
    5637

    Önümçilik we senagat

    "Parahat" - tebigy şireleri we nektarlary, sowuk çaýy, gazlandyrylan içgileri, miwe we gök önüm pürelerini, süýt önümlerini, konsentratlary, et önümlerini öndürýän, iň ösen tehnologiýalar bilen işleýän iň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň biridir. Kompaniýa 1993-nji ýylda esaslandyryldy. Esasy iş, ýerli bazarda häzirem bar bolan kolbasa öndürmekdi. Soňky ýyllarda IP "Parahat" kärhanasy, JOŞ, EÇIL, YESERJE, DAT, SÜYTLI DERE, DÄP, HAN ÇAY, ÖZİ, HAN ýaly meşhur markalary öz içine alýan önümleriň köp görnüşi bilen uly öndürijä öwrüldi. ŞOHLAT.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    5637
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Ak Gar

    VIP
    5
    |
    5151

    Önümçilik we senagat

    “Ak Gar” konditer önümleri “Ak Gar” haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhana 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň azyk senagatynda üstünlikli iş alyp barýar. Gysga wagtyň içinde kärhana ýerli sarp edijileriň ynamyny gazanyp, importyň ornuny tutýan konditer önümleriniň öňdebaryjy öndürijileriniň birine öwrüldi. Esasy ýörelgämiz — hil, arassalyk we tebigy tagamy saklamak. Şonuň üçin önümlerimiziň ählisi halkara standartlaryna laýyklykda, goşundylarsyz we konserwantsyz taýýarlanylýar. Önümçilik sanawymyz: Gutuly gantlar “Hasyl” atly gündogaryň meşhur parwarda süýjileri Miwe we dürli tagamly karamel süýjiler “Nowruz” atly köpsanly görnüşli huruşly ýumşak çeýnelýän süýjiler Taýajykly karameller (lollipop) Kristal şekeri, şeker tozy, wanilli şekeri Kakao külkesi, iýmit sodasy, hamyr gabartma tozy, limon turşusy we beýleki ýörite konditer goşundylary “Ak Gar” önümleri ýokary hil gözegçiligi astynda gaplanyp, sarp edijilere arassa we howpsuz görnüşde hödürlenýär.

    info@akgarcandy.com+99312596914
    5
    |
    5151
    info@akgarcandy.com+99312596914

    Enemeli

    VIP
    5
    |
    1641

    Önümçilik we senagat

    “Enemeli” ýokary hilli bal we bal önümlerini öndürmekde ýöriteleşen bal kompaniýasydyr. Diňe tebigy maddalary ulanýarys we tebigaty göz öňünde tutup bal ýygnaýarys. Biziň maksadymyz, sagdyn durmuş ýörelgesini saklamak üçin müşderilerimize iň lezzetli we sagdyn bal hödürlemekdir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    1641
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Bagdan

    VIP
    5
    |
    6081

    Önümçilik we senagat

    2011 Biziň kompaniýamyz, siziň günüňiziň lezzetli başlamagy üçin guradylan miweler dünýäsine gyzykly syýahadyna başlady. 2017 Buýsanç bilen ilkinji konditer zawodymyzy açdyk. Bu hil we innowasiýa ygrarlylygymyzy alamatlandyrýan möhüm tapgyr boldy. 2022 Üstünlige bolan höwesimiziň netijesinde kompaniýamyzy giňeltmek we bazardaky ornumyzy berkitmek üçin ikinji konditer önümlerini öndürýän fabrigimizi açdyk.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    6081
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    UMYTLY UGUR

    VIP
    5
    |
    1846

    Önümçilik we senagat

    “Umytly Ugur” hususy kärhanasy ýakynda işine başlan bolsa-da, tejribeli professional topary bardyr. Biziň ekýän baglarymyz Türkiýeden we Eýrandan getirilýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    1846
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Ýüpekçi

    VIP
    5
    |
    911

    Önümçilik we senagat

    "Ýüpekçi" HJ, Türkmenistanda alkogolsyz içgiler öndürýän esasy kompaniýalaryň biridir. 2003-nji ýylda döredilen gününden bäri kompaniýanyň esasy ýörelgeleri ýokary hilli, durnuklylyk, innowasiýa we iň esasysy müşderini kanagatlandyrmak boldy. Kompaniýanyň birnäçe markasy bar, ýerli bazarda başarnykly bäsdeşleri we halkara derejesinde tanalýar. “Bold” markasy bolan önümler energiýa içgileri bazarynda öňdäki hatarda durýar we halkara arenasynda köp sanly baýrak aldy. “Ýüpekçi” kompaniýasynyň işgärleri baý tejribesi we zähmeti bilen tanalýar. Esasy önümçilik toplumy 55,688 gektar meýdany eýeleýär we 8 sany ýokary öndürijilikli önümçilik desgasyny birleşdirýär. Türkmenistanda 10 ammar we paýlaýyş merkezi bolan bu kompaniýa önümçilik we üpjünçilik ussahanalarynyň arasynda innowasion ulag ulgamy bilen üpjün edildi.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    911
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    BAKJAM söwda

    VIP
    5
    |
    5059

    Önümçilik we senagat

    Biziň “BAKJAM söwda” Hususy Kärhanamyz özüniň önümçilil işini 2009-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda başlady. Biziň kompaniýamyzyň işi süýji desertiň, ýagny wafli sagrajyklarynda, şahjagazlarda doňdurma, eskimo, konteýnerlerde maşgala doňdurmasy, briketler, tortlar we ş.m. ýalu görnüşlerde doňdurmalaryň öňümçiliginden başlandy. Her möwsümde biz görnüşlere täze tagamlar bilen täze ýagdaýlary goşmaga çalyşýarys. Biziň täze tehnologiýa bilen we diňe tebiby öňümlerden öndürilen önümlerimiz owadan açyk dizaýn we çagalygyň ýatdan çykmajak tagamy bilen tapawutlanýar, daşary ýürt öňünleriň ornuny tutýar we biziň ilatymyzda uly islege eýe. 2010-njy ýyldan biz börekleriň önümçiligi boýunça ugry sazlamak bilen, biziň işimiziň täze şahasyny açdyk. Börekleri elden bükmek bilen, kiçi işlerden başladyk. Önüm sarp edijiniň göwnüne ýarady, islege eýe boldy we biz ýarymfabrikatlaryň önümçiligi boýunça awtomatlaşdyrylan ugry goýbermekçi bolduk. Şol wasgtdan biziň görnüşlerimiz: börekler, dürli huruşly warenikler, kiçi-gutaplar bilen doldy we biz munuň bilen saklanmakçy däl.

    bakjam2022@gmail.com+99312594192
    5
    |
    5059
    bakjam2022@gmail.com+99312594192

    Markow Coffee

    VIP
    5
    |
    857

    Önümçilik we senagat

    Markow Coffee kompaniýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup, 1994-njy ýylda türkmen bazarynda işe başlady we häzirki wagtda Merkezi Aziýadaky iň iri kofe öndürijileriň biridir. Kompaniýa «Markow» atly haryt nyşany bilen giň görnüşli önümleri hödürleýär: «3-i 1-de» görnüşleri — klasiki, kapuççino, mokko, latte we ýer yndan tagamly wariantlar. Öndürilişde Indoneziýadan, Malaýziýadan, Awstraliýadan, Türkiýeden, Wýetnamdan getirilýän tebigy esasly premium düzüm birleşikleri ulanylýar. Şeýle hem kompaniýa liofilizirlenen eritme kofe, Nespresso üçin kofe kapsulalary, espresso üçin üwe­len kofe we gyzdyrylan kofe dänelerini öndürýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    857
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    KARAR KRESLO

    VIP
    5
    |
    2376

    Önümçilik we senagat

    Rahatlygyň we hilin nyşany – Karar kreslo. Döwrüň häzirki wagtdaky talaplaryna görä, adamlaryň islegi diňe bir eşik geýmek ýa-da öý bezemek däl, eýsem rahatlygy we ýokary hili bir wagtda duýmaktır. Şonuň üçin-de Karar kreslomyz müşderilere diňe bir önümi däl, eýsem rahatlygy hem hödürleýär. Biziň Karar kreslilerimiz ýokary hilli materiallardan taýýarlanýar we häzirki zaman dizaynerleri bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde müşderiniň islegine laýyk görnüşde hödürlenýär. Her bir önüm – bu rahatlygyň, ygtybarlylygyň we zerur hil standartlarynyň jemidir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    2376
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Öwez Mebel

    VIP
    5
    |
    922

    Önümçilik we senagat

    Biziň kärhanamyz müşderilerimize ýokary hilli we döwrebap mebel önümlerini hödürleýär. Esasy ugurlarymyz: ▫️ Ýatylýan otag üçin garniturlar – amatly, owadan we dowamly rahatlygyň kepili. ▫️ Aşhana garniturlary – döwrebap bezeg, giňişligi tygşytlaýan we ulanmakda ýeňillik döredýän çözgütler. ▫️ Otag arasyndaky gapylar – öýüňize sazlaşyk we owadanlyk goşýan ajaýyp saýlaw. Maksadymyz diňe bir mebel öndürmek däl, eýsem müşderilerimiziň öýlerinde we iş ýerlerinde rahatlygy, ýylylygy we owadanlygy döretmekdir. Önümlerimiziň aýratynlyklary: Hil taýdan barlanyp saýlanan materiallar Dizaýnyň döwrebap we täsirli görnüşi Her müşderä aýratyn çemeleşme Biz müşderilerimiziň isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin ýokary hil, amatly baha we netijeli hyzmat bilen yzygiderli işleýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    922
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

Asia trend market

Maksadymyz işiňizi ýeňilleşdirmek we satuwlaryňyzy artdyrmakdyr.Biz barada

Sosial linkler

Programmany ýükläp alyň

Get it now

Google Play

Get it now

App Store

© 2026 ASIA TREND MARKET. Ähli hukuklar goralan.
Gizlinlik syýasatyUlanyş şertleri