Asiatrendmarket — Şertnama
Şu sahypa (saýta) girmek: – Internet platformasynda https://asiatrendmarket.com ýuridiki tarap.
Biz barada
– Bu «Bereket bendi» Hojalyk Jemgyýeti, onuň Tertipnamasy esasynda hereket edýän direktory Baýramow Meýlis Kakabaýewiç. Internet çeşmesinde hukuk boýunça Domen ýa-da IP adresi bilen goşulan intellektual işjeňligiň her bir aýratyn goralýan netijesi, şol sanda programma mazmunyny emele getirýän häsiýetli https://asiatrendmarket.com platformasynda (ykjam mobil goşundysynda) Buýrujy, onuň harytlary (işleri, hyzmatlary), pikirleri we işleri, näbelli adamlar üçin niýetlenen maglumat bolup, ol bilen gyzyklanmany döretmek ýa-da goldamak üçin döredilýär we elektron görnüşde internet arkaly (Instagram, Telegram, Imo, TikTok we başgalar ýaly) mahabat materiallaryny ýerleşdirýän sosial ulgamlardaky sahypalar ýaýradylýan dolandyryş, marketing we beýleki çäreleri durmuşa geçirmek üçin şu (Sada, Premium, VIP) hyzmatlary amala aşyrmaklygy öz üstüne alýan Ýerine ýetiriji tarap.
Sizi internet toryndaky https://asiatrendmarket.com internet platformasynda Hoş gördük we Bizi saýlanyňyz üçin örän Minnetdar!
Dykkatly duýduryş
– https://asiatrendmarket.com internet platformasynda şu şertnamany başlaşmagy we ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan beýleki maglumatlary öz içine alýan hyzmat edýär. Buýrujy (Siz — müşderi) şu şertnamanyň mazmunyny doly okap tanyşmaklyk maslahat berilýär we şahsy maglumatlaryny bermekden öň şoňa razy bolmaly.
Eger-de internet torundaky https://asiatrendmarket.com sahypasynyň ýöriteleşdirilen Buýrujy bannerinde ýerleşdirilen soragnama üçin şahs ýa-da ýuridiki tarap bolup çykyş etmek isleseňiz, Ýerine ýetirijiň dykkatyna gerekli maglumatlary dolduryp “Tassyklamak √” düwmesini basmak, şu şertnamanyň ähli şertleriniň mazmuny bilen doly tanyşyp, onuň tertibini berjaý etmek maksady bilen öz razylygyňyzy bermek hasap edilýär.
Buýrujy şertnama boýunça tassyklamagynda, programmanyň göz öňüne tutulan tekliplerinden başga ýagdaýlarda, bu şertnamanyň ýerine ýetirilmeginde, https://asiatrendmarket.com hasaba alyşda berilýän maglumatlaryň dogrulygy we dolulygy üçin jogapkärçilik çekýän tarap däldigine doly düşünýär we razy bolýar.
Maglumat gizlinligi we goragy, onuň ulanylmagy
– https://asiatrendmarket.com “Gizlinlik we Maglumat Goragy Syýasatyna” esaslanyp Sargytçy tarapyň şahsy maglumatlarynyň gizlinlik we goragyna jogapkärçilik çekýär. Internet sahypasynda jemlenen Sargytçylaryň şahsy maglumatlary nähili maksatlar üçin alynýandygy, haýsy ýagdaýlarda ulanylýandygy we maglumatlar bilen bagly haklaryňyz ýaly meseleler:
- Täze goşulan hyzmatlarymyzdan habarly etmek.
- Bize agza beren ýagdaýyňyzda, size ýokary hilli hyzmat bermek üçin.
- https://asiatrendmarket.com girip görme — IP adresiňiz, gören sahypalaryňyz we statistikalary, ulanyjynyň hereketlerini we saýlawlaryny seljermek we düşünmek.
- Amala aşyrmak, tamamlamak we müşderimiz (Buýrujy) bilen aragatnaşyk saklamak.
- Trend seljermeleri we statistiki seljermeler etmek.
- https://asiatrendmarket.com goragyny güýçlendirmek maksady bilen maglumatlary jemlemek.
Bellik: Platformada alynan maglumatlar Buýruja has ýokary hyzmat bermek maksady bilen we hyzmatdaşlyk edýän ýuridiki we şahsy taraplar bilen paýlaşylyp bilner; emma maglumatlaryňyz hiç bir ýagdaýda üçünji taraplara söwda maksatly satylmaýar ýa-da aç-açan peýdalanylmaýar.
Umumy düzgün
– Şu şertnama iki tarapyň razylygy bilen baglaşylandan soň Buýrujy tarapyndan ýüze çykyp biljek ähli sorag-jogaplar Ýerine ýetiriji tarapyndan hyzmaty we ýerleşýän ýeriniň hukuk salgysy arkaly Türkmenistanyň çäginde bellenilen we tassyklanylan iş tertibiniň çäginde elýeterlidir.
Buýrujy/Ýerine ýetirijiniň tarapyndan görkezilen giriş (login) we paroly üçünji taraplara mälim etmezligi öz üstüne alýar.
Buýrujynyň we Ýerine ýetirijiniň arasyndaky ahlak we aragatnaşyk etiketiniň ýörelgeleri iki tarapa hem deň hukuklylykda berjaý edilmelidir. Göläzinden, telefon arkaly ýa-da ýüzbe-ýüz edilen aragatnaşyklarda gödek sözler, ýakymsyz ýa-da kemsidiji sözler, haýbat we ýakymsyz hereketler taraplaryň ikisiniň hem tarapyndan gadagan edilýär.
Eger-de Buýrujy tarapyndan Ýerine ýetiriji işgärleriniň janyna howp salýan hereketler ýüze çykarsa, Ýerine ýetiriji ýagdaýy Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryna we Kazyýete geçirmek hukugyna eýedir.
Buýrujynyň hukugy, borçlary we jogapkärçiligi
- Öz tarapyndan isleg bildirilen hyzmat üçin Ýerine ýetirijä öňünden doly (100%) 12 aýlyk möhletli töleg geçirmek borçlanýar.
- Şertnamanyň şerti ýa-da Ýerine ýetirijiniň borçlaryny dogry ýerine ýetirip bilmezligine sebäp bolan nädogry maglumatlar üçin doly jogapkärdir.
- Ýerine ýetirijiden bu şertnama boýunça talap edilýän borçlarynyň wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini talap etmäge hukuklydyr.
- Ýerine ýetiriji tarapyndan internet arkaly (Instagram, Telegram, Imo, TikTok we başgalar) ýerleşdirilýän mahabat materiallarynyň üsti bilen Buýrujy umumy nyrhnama bahasyndan 10% ýeňillik talap etmäge hukugy bardyr.
- Kanuny ýagdaýlarda Buýrujy şertnamany degişli tertipde, ýagny 3 iş güni öňünden Ýerine ýetirijä habar bermek arkaly ýatyrmaga we öňünden geçirilmiş tölegi şertnamanyň galan möhleti üçin yzyna talap edip almaga hukuklydyr.
- Hyzmat/Tarif (Sada, Premium, VIP) görnüşini saýlamak hakyky bardyr.
Ýerine ýetirijiniň hukugy, borçlary we jogapkärçiligi
- Hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan we Buýruja degişli maglumatlary azyndan 3 iş günü öňünden Buýrujydan almaga borçlanýar.
- Buýrujynyň ýazmaça rugsadyny almak şerti bilen, hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin üçünji şahslary (blogerleri) çekmäge we umumy bahadan 10% ýeňillik bermäge hukuklydyr.
- Buýrujydan saýlan tarif hyzmatyna görä borçlaryny ýerine ýetirmekligi talap etmäge hukugy bardyr.
- Ýerine ýetiriji toparynyň işgärleri müşderilere mümkin bolan kömegi bermäge we gerekli maglumatlary üpjün etmäge borçlanýar.
- Halkara tötänleýin zeper ýetmek töwekgelçiligi ýüze çykan pursadyndan 24 sagadyň dowamyndan (ýa-da) başlap Ýerine ýetiriji jogapkärçilikden azat bolýar.
- Ýerine ýetiriji köp halatlarda müşderiniň dykkatyna öňünden duýduryş bilen ýa-da duýduryşsyz gerekli öňüni alyş işlerini amala aşyrmaga hukuklydyr.
Hyzmatlaryň töleg tertibi
1. https://asiatrendmarket.com hyzmatlary 12 aýlyk möhletli nyrhnama esasynda kesgitlenen bahada.
| Tarif | Nyrh (1 ýyl) | Özboluşlylyk |
|---|---|---|
| SADA | 6 000,00 manat | 1 ýyllyk abuna, 1 aýlyk VIP haryt ýa-da hyzmat |
| PREMIUM | 9 000,00 manat | 1 ýyllyk abuna, 1 aýlyk BANNER A, 1 aýlyk VIP kärhana, 1 aýlyk VIP haryt, islendik wagty 1 gezek sosial-media mahabaty |
| VIP | 12 000,00 manat | 1 йиллык абуна, 1 aýlyk BANNER A, B, D; 1 aýlyk VIP kärhana; 1 aýlyk VIP haryt; islendik wagtda 1 gezek sosial-media mahabaty |
2. Hyzmatlary ulanmak üçin saýlanan tarifler boýunça töleg öňünden doly geçirilmelidir.
3. Kart bilen töleg amala aşyrylan ýagdaýynda, siziň kartyňyz hakda maglumat saýdymyzda saklanmaýar.
Cookie tehnologiýasy
- Ýerine ýetiriji “cookies” tehnologiýasyny ulanmagyna hukuklydyr. Cookies tehnologiýasynda gizlin maglumat ýok we bu tehnologiýa maglumatlary ýygnamak, derňemek we statistiki maglumatlary döretmek üçin ulanylýar.
- Ýerine ýetiriji saýta girýänleriň IP-salgysy barada maglumat alýar; bu maglumat Buýrujyny tanamak üçin ulanylmaýar. Aç-açan berlen maglumatlar üçin jogapkärçilik berilmeýär.
- Müşderilerimiziň maglumatlarynyň goragy üçin SSL (Secure Socket Layer) ulgamy arkaly goragly maglumat dolanşygy üpjün edilýär.
Gaýry şertler
- Ýerine ýetiriji / Buýrujy aralaryndaky hukuk we borçlar ýerine ýetirilende, jogapkärçilikleriň üçünji taraplara geçirilmegi mümkin.
- Kazyýet tarapyndan şu ylalaşygyň bir düzgüniniň hakyky däldiginiň ykrar edilmegi, galan düzgünleriň güýje eýe bolmagynda gyssaglylygy ýokarlandyrmaýar.
- Taraplar ylalaşyga degişli bildirişleri we şertnamanyň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen baglanyşykly elektron tassyklama ýa-da elektron goluny kagyz resminamasyna deň resminama hökmünde kabul etmegi ykrar edýärler.




