Awtowyşkany kärendesine bermek ýa-da satmak
«Täze Nesil» hususy kärhanasy beýiklikde ýerine ýetirilýän gurluşyk, gurnama we abatlaýyş işleri üçin awtogidrogöterijileri (awtowyşkalary) kärendesine bermek we satmak hyzmatlaryny hödürleýär.
Kärhananyň özüne degişli 45 metrlik awtowyşkasy bar. Bu ýörite tehnika enjamlary gurnamak, binalaryň daşky diwarlaryna hyzmat etmek, yşyklandyryş ulgamlaryny oturtmak we beýleki beýiklikdäki işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.
Ygtybarly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde kärhana müşderiniň talaplaryna laýyklykda goşmaça ýörite tehnikalary hem üpjün edip bilýär.



