Hyzmatlar«Täze Nesil» hususy kärhanasy Türkmenistanda toplumlaýyn gurluşyk, bezeg we abatlaýyş, elektrik gurnama (EOM), mehaniki we inženerçilik ulgamlary (HVAC), ýangyn howpsuzlygy (ýangyn duýduryş we söndüriji ulgamlar), abadanlaşdyryş hem-de professional arassaçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan döwlet ygtyýarnamalarynyň doly toplumyna eýedir.
Kärhananyň öň baglaşylan we üstünlikli tamamlanan şertnamalarynyň ählisiniň resmi nusgalary bar.
Ýöriteleşdirilen beýiklikdäki we gurnama işlerini çalt ýerine ýetirmek üçin kompaniýanyň özüne degişli 45 metrlik awtogidrogöterijisi (awtowyşkasy) bar.
Mundan başga-da, ygtybarly ýerli hyzmatdaşlaryň giň ulgamy we netijeli ýola goýlan logistika mümkinçilikleri arkaly kompaniýa taslamalaryň aýratyn talaplaryna we möçberine laýyklykda zerur bolan goşmaça ýörite tehnikalary gysga wagtyň içinde çekmäge, kärendesine almaga we üpjün etmäge doly mümkinçiliklidir.