Tema

m

TMT

$

USD

m

TMT

EUR

Halkara Multimodal Ýük Daşamak
Halkara Multimodal Ýük Daşamak
Tekiz Ýol logo

Tekiz Ýol

  • info@tekizyol.com
  • +99312238912

Düşündiriş

Halkara Multimodal Ýük Daşamak

Multimodal ýük daşamalary iki ýagdaýda ulanylýar: ýükleriňi «gapydan-gapya» ýetirmeli bolanyňda ýa-da bir görnüşli ulag serişdeleri bilen daşamak mümkin bolmadyk ýagdaýlarda.

Multimodal diýilýän daşama — bu bir şertnama esasynda, emma birnäçe ulag görnüşi arkaly ýük daşamakdyr. Mysal üçin, ilki ýük howa arkaly getirilýär, aeroportda awtoulaglara ýüklener we soňra degişli nokada çenli ýol arkaly iberiler. Türkmenistanda multimodal ýük daşamalary daglyk ýerleriň we Hazar deňziniň kenar ýakasynyň bolmagy sebäpli aýratyn meşhurdyr.

Bir ýük üçin birnäçe ulag görnüşi ulanylýan ýagdaýda çykdajylary dogry optimizirlemek we iň çalt, iň tygşytly ýoly düzmek möhüm bolup durýar. «Tekiz Yol» kompaniýasy multimodal ýük daşamakda uly tejribä eýe, bu ulgam ýyllaryň dowamynda kemsiz derejede ýola goýuldy. Biz Türkmenbaşynyň deňiz portunda dürli ulag görnüşleriniň arasynda ýükleriň gaýtadan ýüklenişini, şeýle hem Türkmenistanyň serhet geçişlerinde üstaşyr işleri ýerine ýetirýäris. Multimodal daşamalarda ýurduň daşynda çykdajylary azaltmaga, şeýle hem ýükleriň Türkmenistanyň şäherlerine amatly wagtda getirilişini ýola goýmaga kömek edýäris.

Müşderilerimiziň wagtuny we serişdelerini tygşytlamak üçin, deňiz gämileriniň frahtyny amala aşyrmaga hem-de Türkmenbaşy portunda agentçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliklerimiz bar.

Ýüküňiziň ugradylan ýagdaýyny biziň gözegçilik hyzmatymyz arkaly yzarlap bilersiňiz.

Meňzeşler