Täç Hil
Önümçilik we senagat
2009-njy ýylda esaslandyrylan kompaniýamyz häzirki wagtda pudagyň ynamly we islenýän liderleriniň biri bolmakdan buýsanýar. “Tach Hil” markasy esasan çygly salfetkalar we şahsy arassaçylyk serişdelerini öz içine alýan giň görnüşli ýokary hilli önümleri hödürleýär. “Tach Hil” ýokary önümçilik kuwwaty bolan maýa goýumlary arkaly çygly salfetka öndürmekde çalt ösüp, pudaga ýol görkezýän öňdebaryjy öndürijileriň arasynda mynasyp ornuny eýeledi. Häzirki wagtda “Tach Hil” Türkmenistanda çygly salfetka öndürýän iň iri kärhanalaryň biridir. Kompaniýamyz esas goýujy prinsipleri bilen iş ýörelgelerini birleşdirip, geçmiş tejribesini häzirki zaman dolandyryş düşünjesi bilen utgaşdyrýar. Şu düşünje bilen biz işimizi has hünärli, has düzüwli, innowasion we geljege gönükdirilen görnüşde alyp barýarys. Dolandyryş toparymyz häzirki zaman düşünjesine esaslanyp döredilýär. Köp ýurtlara giň bazar we logistika ulgamy arkaly çykyp bilýän kompaniýamyz bazardaky täzelikleri ýakyndan yzarlaýar. Marka ynamlaryndan ýüz öwürmän, “Tach Hil” dünýä bazaryna ýokary goşmaça bahaly önümleri hödürleýär.
Bakjaly Biz
Önümçilik we senagat
Bakjaly kärhanasy 2008-nji ýylda öz işine başlady. Kärhanamyz salfetkalar, hajathana kagyzy, kagyz polotensalary ýaly kagyzdan önümleri, mundan başgada karamelli, şokoladly, süyji, duzly popkornlary, kakao, çalt ereýän içgiler, dürli tagamly süýji pagtalary öndürýär. Önümleriň ýokary hilli bolmagy sebäpli kompaniýamyz Türkmenistanyň bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýär.
Türkmen Berk-Metal
Önümçilik we senagat
Biziň missiýamyz – Sizi ýokary hilli we ekologik taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek. Biziň önümlerimiz innowasiýalary ulanmagyň kömegi bilen siziň maşgalaňyza we daşky gurşawa zyýansyz päkize arassalygy sowgat eder. Biziň bar ýerimizde tämizlik bar, arassaçylyk bar. Biziň gymmatlyklarymyz: Ynam Ideg Hil Innowasiýalar Biziň öňden görüjiligimiz – Biz önümlerimiziň içerki bazarda öňdebaryjy orny eýeläp, daşarky täze bazarlara eksport edilmegini maksat edinip, hemişe önümlerimiziň hilini ýokarlandyrmaga ymtylýarys. Innowasiýalary ulanyp önümlerimiziň görnüşlerini artdyrmagy we şunuň bilen birlikde alyjylary ekologik taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge çalyşýarys. Geljekde eko brend döretmäge üns berýäris. Biz hemişe işgärlerimiziň saglygyny goramagyň we daşky gurşawy gorap saklamagyň aladasyny edýäris. Biziň maksadymyz – dünýä belli ekologik brend döretmek.
Bagtly zamana
Önümçilik we senagat
Bagtly Zamana: Arassaçylygyň we hilin kepili. "Bagtly zamana" hojalyk jemgyýeti 2013-nji ýylda esaslandyrylyp, 2019-njy ýyldan bäri ýokary hilli sintetiki ýuwujy serişdeleriň we hajathana sabynlarynyň önümçiliginde uly üstünlikler gazanyp gelýär. Häzirki wagtda kärhanamyz Türkmenistanyň öý hojalyk himiýasy bazarynda öňdebaryjy orunlary eýeläp, müşderilerimiziň ynamyny gazanmagy başardy. Biz näme öndürýäris? Kärhanamyzyň esasy ugry sintetiki ýuwujy serişdeleri, agardyjylary we dürli görnüşli hajathana sabynlaryny öndürmekden ybarat. Biz arassaçylygyň aladasyny edýäris we önümlerimiziň her birine aýratyn üns berýäris. Tehnologik kuwwat: Kärhanamyz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, Italiýanyň abraýly "Marsina Engineering" kompaniýasynyň kämil enjamlary bilen üpjün edilendir. Ýyllyk önümçilik kuwwatlygymyz 40 000 tonna barabar bolup, bu bize islendik göwrümdäki sargytlary öz wagtynda we hil derejesini saklap ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
ÝEKE DAMJA
Önümçilik we senagat
Kärhanamyz 2017-nji ýyldan başlap ýuwujy, tämizleýji we dezinfisirleýji önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýar.
Elite Antiperspirant
Önümçilik we senagat
Elite Antiperspirant — der we ysdan iň ygtybarly gorag — Türkiýede, Stambul şäherinde, “Birleşik İlac San. Tic. A.Ş.” zawodynda öndürilýär. Elite Antiperspirant 3 görnüşde öndürilýär: 1 – Elite Sensitive 15% — Duýgur deri üçin. 2 – Elite Comfort 20% — Köp derleme ýagdaýynda. 3 – Elite Max Effect 25% — Örän köp derleme ýagdaýynda. Elite Antiperspirant bedeniň islendik böleginde ulanylyp bilner, ysy ýok (erkekler we aýallar üçin). Der we ysdan 7 güne çenli gorag berýär, hepdede 1 ýa-da 2 gezek ulanylýar. Nireden satyn almaly? Şaäheriňizdäki dermanhanalardan soraň!
"AMATLY" ÝUWUJY SERIŞDELERI
«Ak-Ýaz» hususy kärhanasy 2010-njy ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda öz pudagynda ynamdar hem-de gözlenýän liderleriň biri bolmak derejesine ýetdi. «AMATLY» markamyz giň görnüşli ýokary hilli önümleri, aýratyn-da gap-gaç ýuwujy serişdeleri hödürleýär.



