MB-GROUP
Hyzmatlar
“MB-GROUP” kompaniýasy Arkadagly Gahrymanymyzyň türkmen telekeçilerine bildirýän ynamyny gazanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, içerki bazarlarda bolçulyk döretmek we milli önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmak maksady bilen döredildi. Ýokary hil we elýeterli bahalar kompaniýanyň esasy ýörelgesidir. “MB-GROUP” ýerli çig maldan italýan tehnologiýasy boýunça deri önümçiligini , MB SHOES brendi astynda italýan dizaýny esasynda aýakgap önümçiligini, häzirki zaman tehnologiýalary bilen sintetik haly önümçiligini , şeýle hem özboluşly tagamlary bilen tapawutlanýan dünýä aşhanasynyň meşhur naharlaryny hödürleýär. Kompaniýanyň her bir ugrunda öz işini kämil derejede bilýän, tejribeli we ýokary hünärli hünärmenler zähmet çekýärler.
CANDAŞ UNIFORM
"Candaş üniform" Türkmenistanda lukmançylyk eşikleri we geýimleri öndürýän N1 kompaniýadyr. Kärhananyň önümçilik kuwwaty diňe bir Türkmenistanyň bazary bilen çäklenmän, halkara eşiklerine lukmançylyk eşiklerini we beýleki ýöriteleşdirilen eşikleri wagtynda bermäge mümkinçilik berýän ýöriteleşdirilen eşikler bilen üpjün etmäge we doldurmaga mümkinçilik berýär. Çyzgy her gün ajaýyp dizaýnda täze eşikler bilen doldurylýar. Kompaniýamyzyň önümleri, forma öndürilen kärhananyň ýa-da kompaniýanyň tehniki talaplaryna we korporatiw etikasyna laýyk gelýän ýörite materiallardan ýasalýar.
Max Matalar
Önümçilik we senagat
Max Matalar kompaniýasy dürli görnüşli matalaryň lomaý we bölekleýin (adaty) satuwy bilen meşgullanýar. Biz ýokary hilli, döwrebap we dürli maksatlar üçin niýetlenen matalary müşderilerimize hödürleýäris.
Sennur
Hyzmatlar
Sennur – gözellik we üýtgeşiklik bir ýerde jemlenen ýer. Biz size toý bezeglerinden bukja bezeglerine, täze dizaýndaky köýneklerden ýörite toý köýneklerine çenli ähli hyzmatlary hödürleýäris. Her bir hyzmatymyzy ýokary derejede, ussatlyk bilen ýerine ýetirip, aýratynlygyňyzy has-da artdyrýarys.
ÝEŇIŞ
Önümçilik we senagat
Marynyň "Ýeňiş" tikin fabriginiň esasy önümçiligi erkek adamlaryň we çagalaryň köýneklerini öndürmek. Biziň esasy maksadymyz-alyjylaryň islegini hemme taraplaýyn kanagatlandyrmak bolup durýar. Bu bolsa ýokary hil, döwrebap önümler, köýnegiň jana ýakymlylygy, rahatlygy. Biziň kärhanamyz köýnekleriň görnüşlerini elmydama täzeläp durýär. Köýnek öndürmek üçin çig malyň düzümi esasy orun tutýar. Bizde tikilýän köýnekleriň çig malynyň düzümi arassa ak pagta, ýüpek pagta, şeýle hem garyşyk düzümde (80%-pagta, 20%-polýester). Ýene-de biziň üns berýän zadymyz - bu köýnekleriň bahalarynyň elýeterli bolmagydyr.
NAÝBAŞY TUMAR
Önümçilik we senagat
Her bir adam wagtal-wagtal özüne we söýgüli adamlaryna aýratyn, owadan we ýakymly bir zat bilen göwnünden turmak isleýär. Naýbaşy tumar - ägirt uly seçim, üýtgeşik şekilli we dürli görnüşleri bilen görkezilen öz önümlerimiziň şaý-sepleri. Her bir müşderä aýratyn çemeleşip, gymmat bahaly metallardan we daşlardan ýasalan şaý-sepler. Şaý-sepler we asyl dizaýn çözgütleri. Müşderiniň islegine görä tölegi ähli görnüşde amala aşyryp, önümlerimiz amatly bahalardan. "Naýbaşy tumar" - Sizi we ýakynlaryňyzy begendirjek şaý-sepler!
GKB exclusive
GKB exclusive - brendiniň el işleri bilen bezelen sumkalary — bu diňe bir aksesuar däl, eýsem hakyky sungat eseridir. Her bir sumka türkmen gözelleriniň we ussatlarynyň çeper ellerinden çykan gaýtalanmajak el keşdeleri bilen bezelýär. Ýokary Hilli we Ýerli Önüm: Sumkalaryň ählisi elde, ýokary hilli mata we materiallardan doly taýýarlanylýar. Milli we Döwrebap Utgaşma: Gadymy el keşde sungaty döwrebap dizaýn bilen utgaşyp, siziň gündelik hem-de baýramçylyk keşbiňize aýratyn gözellik gatar. Ýeke-Täk (Eksklýuziw): Her bir nagyş, her bir çyzyk elde ýasalýandygy sebäpli, siziň sumkaňyz diňe sizde bolar!



