Kärhanalar
HS Codes
Incoterms
Bildirişler
Gümrük nokatlar
Biz barada
Habarlaşmak
Makalalar
ru
Русский
en
English

Ýagty

Asia trend market logoAsia trend market logo

Baş sahypa

Kärhanalar

Harytlar
Hyzmatlar
Kärhanalar

    Ajaýyp Görk

    VIP
    5
    |
    6647

    Önümçilik we senagat

    “Ajaýyp Görk” hojalyk jemgyýeti 2011-nji ýyldan bäri jaýlaryň içki we daşky bezegleri bolan penoplastdan karniz we kolonna ýaly önümleri ýokary hilli öndürýär. Biziň penoplast önümlerimiziň öz agramy ýeňil bolup, gurnamak işlerinde kynçylyk döretmeýär. 100-den gowrak görnüşlerimizden öz islegiňize görä bezeg önümlerimizden saýlap bilersiňiz. Döwrebap we haýbatly jaýlaryň bezegi bolan daşky gurşaw detallar howlyňyza täze görk goşar.

    ajayypgork@mail.ru+99361599975
    5
    |
    6647
    ajayypgork@mail.ru+99361599975

    Daş

    VIP
    5
    |
    7792

    Önümçilik we senagat

    “Daş” gurluşyk we binagärlik pudaklary üçin ýokary hilli tebigy daş önümlerini hödürleýär. Kompaniýa häzirki zaman gurluşyk zerurlyklaryna laýyk gelýän dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply daşlary hödürleýär. “Daş” halkara hil standartlaryna laýyk gelmek üçin üns bilen işlenen “Oniks & Traonyx”, “Granit”, “Trawertin” we “Mermer” ýaly daş materiallarynyň ýokary hilli saýlamasyny hödürleýär. Müşderileriň kanagatlanmagyna uly üns berýän “Daş” dürli taslamalar üçin standart we ýöriteleşdirilen daş çözgütlerini hödürläp, dünýädäki hyzmatdaşlaryna hyzmat edýär.

    mbayramk@gmail.com+99371118811
    5
    |
    7792
    mbayramk@gmail.com+99371118811

    Altyn Desga

    VIP
    5
    |
    523

    Hyzmatlar

    “Altyn Desga” hususy kärhanasy gurluşyk pudagynda professional hyzmatlary hödürleýär. Biz ýaşaýyş, täjirçilik we senagat desgalarynyň gurluşyk işlerini ýokary hil, ygtybarlylyk we bellenilen möhletlere laýyklykda ýerine ýetirýäris. Tejribeli hünärmenlerimiz häzirki zaman tehnologiýalaryny we hil standartlaryny ulanmak bilen, müşderilerimiziň isleglerine laýyk çözgütleri üpjün edýärler. Biziň maksadymyz — berk, howpsuz we uzak möhletli desgalar gurmak.

    info@asiatrendmarket.com+99361583783
    5
    |
    523
    info@asiatrendmarket.com+99361583783

    Buda Gerek

    VIP
    5
    |
    299

    Önümçilik we senagat

    Biz santehnika we interýer önümleriniň satuwy bilen meşgullanýarys. Hödürleýän önümlerimiziň hatarynda unitazlar, rakowinalar, aýnalar, garyjylar (smesiteller) we kaminler bar. Müşderilerimize döwrebap dizaýna, ýokary hile we ygtybarlylyga laýyk gelýän çözgütleri hödürlemek biziň esasy maksadymyzdyr. Aşgabat şäherindäki öýler we täjirçilik ýerleri üçin amatly önümleri üpjün edýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    299
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Ak Bulut

    VIP
    5
    |
    1990

    Önümçilik we senagat

    2015-nji ýylda esaslandyrylan “Ak Bulut” Hojalyk Jemgyýeti, Türkmenistanda asma potoloklar we profil ulgamlaryny öndürmegi başlanan ilkinji kompaniýadyr. Kompaniýa dürli görnüşli gips potoloklary (vinil örtükli), akustiki we alýumin asma potoloklary, şeýle hem olaryň gurnalmagy üçin zerur profil we aksessuarlar öndürýär. 8 ýylyň dowamynda kompaniýanyň önümçilik kuwwaty ýyllyk 4 000 000 m² asma potolok we 7 000 tonna sink metal profillerine ýetdi we önümleri ýurduň ähli künjegine paýlandy. Önümleriň köpüsini öndürmekde kompaniýa ýerli, ekologiýa taýdan arassa xammal ulanylýar. 2021-nji ýylda kompaniýa ISO sertifikatlaryny aldy: Hil dolandyryş ulgamy, Ekologiýa dolandyryş ulgamy we Saglygy goraýyş we iş howpsuzlygy dolandyryş ulgamy. “Ak Bulut” ýurtda uly möçberli gurluşyk taslamalarynda işjeň gatnaşýar, döwlet kärhanalary, gurluşyk kompaniýalary, arhitektura we dizaýn guramalary, şeýle hem söwda ulgamlary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Eksport mümkinçiliklerini ösdürmek syýasatyna laýyklykda, kompaniýa Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan we Gazagystan bazarlaryna giňeldiş meýilnamasyny amala aşyrýar, şeýle hem Gazagystan we Azerbaýjan bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygy saklaýar. Satyş ofisiniň hünärmenleri material saýlamaga, potolok ulgamlarynyň we yşyklandyryşlaryň hasaplamasyna kömek edýär, logistika we ammarlary üpjün edýän işgärler bolsa önümleri wagtynda ibermegi üpjün edýärler. Kompaniýa asma potolok ulgamlary üçin toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär we importy çalşýan önümleri ösdürýär, hil, howpsuzlyk we ekologiki arassalyga üns berýär. “Ak Bulut” hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga we islendik möçberdäki taslamalary durmuşa geçirmäge açyk.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    1990
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    GÖK-BÖRI

    VIP
    5
    |
    192

    Hyzmatlar

    'Gök-Böri'' hususy kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyryldy. Kärhanamyzda öz işine ökde tejribeli hünärmenleriň birnäçesi zähmet çekýärler. Biziň kärhanamyz söwda, gurluşyk gurnama işleri, ýylylyk üpjünçiligi, suw we lagym geçirijileri, gaz üpjünçiligi, damjalaýyn suwaryş işleri edýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    192
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    INGCO TOOLS TÜRKMENISTAN

    VIP
    5
    |
    395

    Önümçilik we senagat

    Biz 2018-nji ýyldan bäri gurluşykda we öý hojalygynda ulanylýan harytlary bilen üpjün edýäris. Biziň dükanlarymyz ýurdymyzyň ähli künjeginde bar we her kim özüne iň ýakyn nokady saýlap biler. Şeýlede online (Ynamdar,Giper,Gerekli,100 haryt we ş.m) sargyt hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz we harytlar gysga wagtyň içinde eltip berilýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    395
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    ELWAN BOÝAG

    VIP
    5
    |
    364

    Hyzmatlar

    Elwan Boýag Hususy Kärhanasy 2019-njy ýyldan bäri içki we daşky diwarlaryň boýag önümçiligi bilen meşgullanýar. Ýurdyň içinde lomaý we bölekleýin satyşy alnyp barylýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    364
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    TÄZE DEMIR

    VIP
    5
    |
    256

    Önümçilik we senagat

    Biziň kompaniýamyz bezeg metal önümlerini öndürmek, dikeltmek we gurnamak boýunça ýöriteleşendir. Biz ýokary hilli, çydamly we her taslama üçin aýratyn çemeleşme hödürleýäris. Biziň hünärmenlerimiz häzirki zaman tehnologiýalary we materiallary ulanýarlar, müşderileriň isleglerini kanagatlandyrýan we içki hem daşky bezeg üçin owadan önümler döredýärler.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    256
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    EMIR USSA

    VIP
    5
    |
    298

    Hyzmatlar

    “Emir-Ussa” hususy kärhanasy 2009-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda hasaba alnyp, Döwlet ygtyýarnamalaryny almak bilen esasy işi - toplumlaýyn taslama we binagärlik işleri, jaýlaryň umumy gurluşygy, gurluşyk-gurnama işleri, abatlaýyş-gurluşyk işleri, raýat inženerçilik işleriniň gurluşygy, şol sanda senagat inženerçilik desgalarynyň gurluşygy, daşky we içki inženerçilik ulgamlaryny gurnamak, işe goýbermek, abatlamak, suw we lagym ulgamlaryny gurmak, gidrotehniki we suw hojalyk desgalarynyň gurluşyk işleri; - 10 kw çenli elektrik toguny geçiriji ugurlaryny gurmak işleri, 10 kw çenli elektroenergetika enjamlary gurnamak işleri we 10 kw çenli elektroenergetiki ulgamynda taslamalary işläp düzmek we ýerine ýetirmek işleri; - nebit-gaz toplumynyň we howply desgalaryň gurluşygynda we suw arassalaýjy desgalarda enjamlary gurnamaklyk, şol sanda enjamlaryň goýberiş-sazlaýyş işleri; - bug gazany-gözegçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy boýunça işleri; - ýük awtoulag serişdeleriniň işlerini ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    298
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Umman Daş

    VIP
    5
    |
    329

    Önümçilik we senagat

    Umman daş. Ynamly daş! Biz ýokary hilli kafel önümlerini hödürleýäris we 1000-den gowrak dürli görnüş bilen müşderilerimize giň saýlaw mümkinçiligini berýäris. Döwrebap dizaýn, berk materiallar we ygtybarly hyzmat — biziň esasy ýörelgämizdir. Öý, ofis we täjirçilik giňişlikleri üçin iň amatly çözgütleri tapmaga kömek edýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    329
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    DESIGN MERMER & GRANIT

    VIP
    5
    |
    257

    Hyzmatlar

    "Design Mermer & Granit" mermerden we granitden önüm öndürip we laminat we plitkalary satýarys. Biziň ileri tutýan zadymyz ýokary hillik, mümkin bolan iň gysga wagtda, ygtybarlylygyň kepilligi we hödürlenýän hyzmatlaryň bahasy. Iň gysga wagtda we ýokary hil bilen daşdan islendik çylşyrymly binagärlik elementlerini döredýäris. Göni materiallar bilen üpjün etmek, içerki hil gözegçiligi we çykdajylary gözegçilik ulgamy bilelikde müşderilerimiz üçin iň gowy bahalary hödürlemäge mümkinçilik berýär. Müşderilerimiziň we hyzmatdaşlarymyzyň amatlylygy üçin çeýe görnüşleri we töleg şertlerini, şeýle hem ähli önümlere we olaryň gurulmagyna kepillik berýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    257
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    KÄMIL DIZAÝN

    VIP
    5
    |
    641

    Hyzmatlar

    "Kämil Dizaýn" HK 2016-njy ýylda döredildi, şeýle gysga wagtyň içinde kompaniýamyz diňe Aşgabatda däl, eýsem bütin Türkmenistanda meşhurlyga eýe boldy. 1. Beton garyndylaryny öndürýäris we satýarys. 2. Biz Norwegiýanyň dekoratiw boýagy Jotun (Jotun) we Master Builders Solutions (BASF) -dan nemes beton garyndylaryny, ýagny suw geçirmeýän, beton esaslary bejermek üçin garyndylarynyň dilerligini edýäris. 3. Beton esaslarda fasad we dokma işlerini edýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    641
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Abraýly Kerwen

    VIP
    5
    |
    130

    Hyzmatlar

    Aýna reňk tehnologiýasy dizaýn pudagynda giňden ulanylýar. Häzirki wagtda Abraýly Kerwen islendik görnüşdäki we ululykdaky aýnany reňklemek üçin dürli hyzmatlary hödürlemäge taýyn. Aýry-aýry çözgütleri hödürläp, müşderiniň talaplaryny we isleglerini göz öňünde tutýarys. Işimizde ýokary takyk enjamlary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanýarys. Bu ugurdaky täze tendensiýalary öwrenýäris we müşderilere aýratyn çemeleşýäris. Önümlerimiz owadan bolmakdan başga-da, funksional talaplara doly laýyk gelýär. Şeýle hem kompaniýa, önümleriniň ýokary hilini üpjün etmek üçin halkara önümçilik ülňüleriniň talaplaryny berk berjaý edip, plastik penjireleri we gapylary öndürýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    130
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Damja Boýag

    VIP
    5
    |
    372

    Hyzmatlar

    "Damja Boýag" uzak wagtdan bäri içerki gurluşyk materiallaryň bazarynda öz ornuny ýitirmäni gelýär. Öz öndürýän boýag emulsiýalarymyzy satýarys. Hünärmenler tarapyndan toplanan bilim we tejribe, sarp edijilerimiziň barha artýan isleglerini kanagatlandyryp bilýän ýokary hilli boýag emulsiýasyny döretmäge we öndürmäge ukyplydyrys.  "Damja" brendini saýlamak bilen - Siz iň gowy önümleri alyp bilersiňiz!

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    372
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Erjel Begenç

    VIP
    5
    |
    198

    Önümçilik we senagat

    Şähermizi we öýlerimizi bezemek üçin betondan emeli mermer we emeli granit önümlerini öndürýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    198
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Hasyl Çeşmesi

    VIP
    5
    |
    681

    Hyzmatlar

    Işimiziň ösüşiniň ilkinji döwründen bäri, 2010-njy ýyldan başlap, Türkmenistanyň deňiz we nebit-gaz pudaklaryndaky kärhanalara zerur materiallar we önümler bilen üpjün etmek üçin yzygiderli haýyşlar gelip durýar we olar üstünlikli amala aşyrylýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    681
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    KENDIR

    VIP
    5
    |
    263

    Önümçilik we senagat

    Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Kendir” hususy kärhanasy 2013-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredildi. Kärhanamyzyň işiniň esasy maksady ilatyň sarp ediş isleglerini kanagatlandyrmak, halkyň sarp edýän gurluşyk harytlary bilen bazary üpjün etmek, önümçilik işini ýokarlandyrmak bolup durýar. Ýaşaýyş durmuşynyň barha ösmegi, beýik ymaratlaryň peýda bolup, obalary, şäherleri gözelleşdirmegi – ilki bilen şol ýurduň beýleki ösen ýurtlar bilen deňleşýändigine aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Indi Türkmenistan we onuñ paýtagty Aşgabat şäheri ak mermerli binalaryň, uly ymaratlaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň toplumlaryny özünde jemleýänligi bilen dünýäde tanalyp gelýär. Şeýle binalaryň peýda bolmagy üçin ilkinji nobatda gurluşyk önümlerine aýratyn paý düşýär. Häzirki wagtda gurulýan binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň döwrebap, berk, hil taýdan ýokary derejede bolmagynda, “Kendir” hususy kärhanamyzyň aýratyn zähmeti bar. Kärhanamyzda öndürilýän ýokary hilli demir-beton konstruksiýalary üçin kebşirlenen gözenekleri, polatdan çerepissa, profnastil, konýok we ternaw önümleri halka hödürlenýär. Bu önümler dürli galyňlykda, dürli ölçeglerde bolup, olaryň islendik görnüşlerini müşderiler isleglerine görä buýrup bilýärler. Mundan başga-da kärhanamyzda dürli ölçeglerde bolan polat armaturalary, armatur daňylýan simleri, profilleri, ugolnikleri, çüýleri, demir listleri we demir turbalarynam satyn alyp bilersiňiz. Ýokary derejeli bilimli hünärmenler tarapyndan ýola goýulyp, häzirki wagtda hil derejesine kepil geçýän bu kärhanamyzyň işleri ýokary depgin bilen dowam edýär. Enjamlar Biziň önümçiligimizde Türkiýanyň we Ýewropanyň birnäçe ýokary hilli belli nyşanly enjamlary ulanylýar. Enjamlaryň ählisi sanly ulgamly bolup, onda işleýän hünärmenler tarapyndan ussatlyk bilen dolandyrylýar. Bu bolsa, önümçilik kuwwatyny artdyrýar we ähli buýurmalar wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Takyk nokatlaýyn kebşirleýji enjamda öndürilen gözenekler bolsa özüniň berkligi we talaba laýyklygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, demir listden çerepissa önümlerini formalaýjy enjamlaryň birnäçe görnüşleriniň bolmagy her bir müşderiniň islegini kanagatlandyrylýandygyna esas bolup durýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    263
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

Asia trend market

Maksadymyz işiňizi ýeňilleşdirmek we satuwlaryňyzy artdyrmakdyr.Biz barada

Sosial linkler

Programmany ýükläp alyň

Get it now

Google Play

Get it now

App Store

© 2026 ASIA TREND MARKET. Ähli hukuklar goralan.
Gizlinlik syýasatyUlanyş şertleri