Garagum Nonwoven
Önümçilik we senagat
1992-nji ýyldan bäri “Garagum” Ykdysady Jemgyýeti, ýurduň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde hasaba alyndy we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň agzasy. Garagum Nonwoven, egriji, erişli, egrilen dokalmadyk matalary öndürmekde ýöriteleşen Garagum Ykdysady Jemgyýetiniň innowasiýa şahasydyr.
Edermen ýaşlar
Önümçilik we senagat
Biziň kompaniýamyz çagalar üçin oýunjaklary , şeýle hem polipropilen (PP) we polietilen (PE) önümlerini öndürmekde ýöriteleşýär. Önümçilikde häzirki zaman tehnologiýalaryny we howpsuz, ýokary hilli materiallary ulanýarys. Maksadymyz — çagalara we gündelik ulanyşa niýetlenen ygtybarly, çydamly we ekologiýa taýdan arassa önümleri hödürlemekdir.
Dowamly Rowaç
Hyzmatlar
Biziň esasy maksadymyz — siziň biznesiňiz üçin ýokary hilli etiket çaplaryny üpjün etmekdir. Türkmenistandaky iri önümçilikler bize ynanýarlar, bu bolsa bizi pudagyñ iň ygtybarly hyzmatdaşyna öwürýär.
Del
Önümçilik we senagat
“Del” hojalyk jemgyýeti, 2011 ýylyň fewral aýynda açyldy. Del hojalyk jemgyýetiniň ýerine ýetirýän işiniň esasy ugry polietilenden we polipropilenden dürli ölçeglerde paketler, polietilenden we polipropilenden ýeňlik, ýarym ýeňlik we polotno görnüşinde plýonka öndürmek bolup durýar.
LÄLE PLASTIK
Önümçilik we senagat
“Läle plastik” HK 2016-njy ýylda döredildi. Bu kärhana Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşip, polietilen we polipropilen plýonkasyny we dürli ölçegde polietilen paketleri öndürmek bilen meşgullanýan Türkmenistandaky öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Bu kärhananyň önümçiliginde ulanylýan esasy çig maly, Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açyp beren Gyýanlydaky Polimer zawodynyň öndürýän çig maly bolup durýär. Kärhananyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň hiline dünýä belli Germaniýa, Şwesiýa, Russiýa, Turkiýe döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalaryň önümçilik enjamlaryny ulanmak bilen baha berip bolýar. Kärhanamyzyň öndürýän önümleriniň ähli hil şahadatnamalary bar bolup, köpsanly kärhanalar, guramalar tarapyndan işjeň ulanylýandyr. Häzirki wagtda “Läle plastik” HK öndürýän önümleri diňe ýurdumyzyň içerki bazaryny üpjün etmek bilen däl-de şeýle-de hem daşarky bazarlarynda satylýar.
MERTEBELI ZAHMET
Önümçilik we senagat
“Mertebeli Zähmet” BOPP plýonkasynyň, gurluşyk materiallarynyň, dürli görnüşli izogamlaryň, izolýasiýa mastikasynyň, bitumyň we PET-iň öňdebaryjy lomaý satuwçysy bolup, ony pudakda öňdebaryjy kompaniýa öwürýär. Mundan başga-da, ýokary hilli önümleri we berk hyzmatdaşlygy sebäpli kompaniýa bazarda ygtybarly üpjün ediji hökmünde abraý gazandy. Hünärmenler topary müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak we olara iň gowy çözgütleri hödürlemek üçin her gün işleýär. Şeýlelik bilen, “Mertebeli Zähmet” ygtybarly we ýokary hilli önümleri hödürleýän aýrylmaz hyzmatdaşdyr.
SAPAROW PARAHAT
Önümçilik we senagat
Türkmenistanyň çäginde polipropilen we polietilen önümlerini halta we rulon (ýeň) görnüşinde öndürmek bilen meşgullanýarys. Standart PP we PE haltalaryny öndürýäris, şeýle hem aýratyn sargytlary kabul edýäris. Bu görnüşli gaplama materialynyň çäkleri çäkli däldir. Polietilen haltalar ýokary berklik, zeper ýetmezlik we arzan bahasy bilen tapawutlanýar. Ölçegler we gabaritleri aýratyn parametrlere görä sazlanyp bilner.
SAFA
Önümçilik we senagat
Kärhananyň işiniň esasy ugry torba öndürmek üçin plýonka önümçiligi (fleksi çaply we çapsyz): azyk önümlerini gaplamak,doňdurmak,gyzdyrmak we daşamak üçin plastmas konteýnerleriň önümçiligi. Kärhanada öndürilýän önümler Täýwan respublikasynyň enjamlarynda we 100% ýokary hili Türkmen çig malyndan öndürilýär.
Golden Yarn
Önümçilik we senagat
Biziň kompaniýamyz — haly we haly örtükleri senagaty üçin ýöriteleşen, polipropilen ýüplük öndürýän öňdebaryjy kärhana. 25 000 m² önümçilik meýdany we Mennan Makina, Saurer Volkmann hem-de Superba ýaly ýokary tehnologiýaly enjamlaryň binýady esasynda biz müşderilerimize iň ýokary hilli önümleri we aýratyn çemeleşmäni hödürleýäris. 20 ýyldan gowrak tejribesi bolan hünärmenlerimiziň her bir önümçilik tapgyryndaky gözegçiligi netijesinde hil hemişe birmeňzeş we kämil bolýar.
DAMJA PLASTIK
Önümçilik we senagat
"Damja Plastik" polipropilenden ýokary hilli kanalizasiýa turbalary öndürýär. Innowasion pikirleri bilen bu ugurda öňdebaryjy orny eýeleýäp gelýär. Önümçiligiň çeýeligi we hereketi, tehnologiýanyň bu ugurda ussatlyk bilen utgaşmasy, kompaniýa ýokary hilli önüm öndürmäge we dinamiki ösüş üçin esas döretmäge mümkinçilik berdi. Ýokary hilli önümleri we bäsdeşlige ukyply bahalary hödürleýäris.
BERK ÖNÜM
Önümçilik we senagat
Biziň kärhanamyz ýokary hilli ýelim gatlakly polipropilen lentasyny (skoç) öndürmekde ýöriteleşendir. Öndürýän önümlerimiz ýokary berkligi, çydamlylygy we giň ulanylyş mümkinçiligi bilen tapawutlanýar. Müşderilerimize isleglerine laýyklykda dürli ölçeglerde hem-de dürli maksatly lentalaryň önümçiligini hödürleýäris. Biziň maksadymyz — bazara halkara talaplara laýyk, ygtybarly we bäsdeleşige ukyply önümleri ýetirip, müşderi kanagatlanmasyny üpjün etmekdir.
Asuda Döwür
Önümçilik we senagat
Biz “Asuda Döwür” Hususy Kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Asuda Döwür kärhanamyz polipropilen çygly süpürgiçleriň gutusynyň gapagyny, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň gutusynyň gapagyny, polipropilen uly haltalary (jumbo bag), şeýle-de halkyň gündelik sarp edýän bir gezeklik çemçedir pyçak-wilkany öndürme we satma hyzmatlaryny üpjün edýär. Plastmassa we polipropilinden önümleri öndürýän Asuda Döwür - taýýar önümleri kiçi plastmassa alyjylar bazarynda, hususy telekeçilik guramalaryna we lomaý üpjünçilere amatly bahadan satýar. Asuda Döwür kärhanamyz plastmassa önümçiliginiň daşky gurşawa ýetirýän netijelerinden habarly. Öndürilen polipropilin gapaklar we uly haltalar gaýtadan işlenýär we has köp öndürmek üçin ulanyp boljak polietilen granulalaryna öwrülýär. Asuda Döwürde hiç bir madda biderek sarp edilmeýär. Bu daşky gurşawyň ýüküni we önümçilik çykdajylaryny azaldar! Asuda Döwür kärhanamyz önümlerini azyk senagatyna has köp satýar, şonuň üçin müşderilerimiz kärhanamyzyň ulanylýan kanuny we arassaçylyk şertlerini doly we dogry ýerine ýetirip, 100% sarp ediji üçin amatly şertlerde öndürmek üçin ähli tagallalary edýändigine ynanmalydyrlar.
AK KENT
“AK KENT” hususy kärhanasy 2010-njy ýylyň iýul aýynyň 2-ne döredildi. “AK KENT” hususy kärhanasy Ak Bugdaý etrabynyň “Änew” şäheriniň senagat zolagyndan plastmassadan öndürilýän önümleri öndürmek üçin berilen 1,32 gektar ýerde zawod guruldy we polietilenden göwrümi 100 litrden 25000 litre çenli bolan plastmassadan uly göwrümli agyz suw üçin rezerwuarlaryň (gaplaryň), howuzlary, ýol päsgelçilik barýerlary hem-de iri we ownuk şahly mallar üçin nowalaryň önümçilik işlerini alyp barýar.
BELENT AKABA
“Belent Akaba” hususy kärhanasy 2014-nji ýylda döredildi. Kärhananyň esasy iş ugry ýurdumyzdaky çagalar baglaryny we mekdepleri, okuw jaýlaryny, kitaphanalary we beýleki bilim ojaklaryny, şol bir wagtda edara binalaryny döwrebap enjamlar, esbaplar we mebeller bilen üpjün etmekden we olary gurnamakdan ybarat bolup durýar. Bu babatda kärhanamyz Germaniýanyň dünýä belli “VS” we Türkiýe Respublikasynyň görnükli “OSCAR Eğitim Araçları” kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. 2021-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň orta we kiçi telekeçiligi goldamak syýasatyndan ugur alyp, kärhanamyz ýerli önüm bolan ýokary dykyzlykly polietilenden we polipropilenden ergonomiki oturgyçlaryň önümçiligine hem-de bir we iki orunlyk partalaryň önümçiligine başlady. Özüniň ýokary hili, berkligi, saglyk taýdan oňaýlylygy we daşky keşbi bilen tapawutlanýan bu önümler gündelik durmuşymyzda, esasan hem öýlerde, bilim edaralarynda, ofislerde we medeni dynç alyş mekanlarynda giňden peýdalanylmaga niýetlenendir. Aýlyk önümçilik kuwwaty 20 000 oturgyja we 10 000 partalara barabar bolan kärhanamyz öz işini ynamly we ygtybarly alyp barýar.
LEBIZ PLASTIK
Önümçilik we senagat
“Lebiz Plastik” dürli maksatly polipropilen haltalary we ýokary hilli plastmassa önümlerini lomaý öndüriji. 2015-nji ýylda kompaniýamyz döredileli bäri önümlerimiziň sanawy 150 elemente çenli giňeldi. Energiýanyň arzanlygy we Türkmenistanda amatly iş şertleri ýokary hilli önümleri bäsdeşlik nyrhlarynda öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümiň hiliniň iň ýokary derejesine ýetmek üçin önümlerimizi öndürmek üçin ösen tehnologiýalary we innowasion enjamlary ulanýarys. “Lebiz Plastic” -de size köp sanly plastmassa önümleri we ýokary hilli polipropilen haltalary hödürlemek üçin işiňiz ýa-da markaňyz bilen hyzmatdaşlykda tejribe we çözgütlerimizi paýlaşmak isleýäris.
KIÇI GALA
Önümçilik we senagat
“Kiçi Gala” -nyň taryhy 2015-nji ýylda, önümleriň eksportynda we importynda öňdebaryjy orny eýeleýän birnäçe ýaş telekeçiniň birleşmegi netijesinde täze güýçli bir kompaniýa dörände başlaýar. Kompaniýamyz 6 ýyldan gowrak wagt bäri söwda bazarynda iş alyp barýar. Müşderilerimiz üçin iň oňat hyzmatdaşlyk şertlerini döredýäris: amatly bahalar, öndürilen önümleriň hilini kepillendirmek we amatly eltip bermek. Aýry-aýry çemeleşmeler üçin wagtyňyzy we puluňyzy tygşytlamaga, ygtybarly eltip bermäge we işiňiz üçin ygtybarly hyzmatdaş. Esasy strategiýa, müşderileriň isleglerini wagtynda eltip bermek, ýokary hilli önümler we hyzmatlar bilen kanagatlandyrmak arkaly müşderiler bilen berk gatnaşyklary saklamakdyr. "Kichi Gala", Türkmenistandan siziň ygtybarly hyzmatdaşyňyzdyr.
Rowaçlan Galkynyş
Önümçilik we senagat
Häzirki wagtda “Rowachpack” , “Rowaçlan-Galkynyş” kompaniýasynyň öňdebaryjy markasy bolup hyzmat edýär. Biz halkara standartlara laýyklykda polipropilen gaplaýyş önümlerini öndürýäris. Önümlerimiziň hatarynda dürli maksatly iýmitleri hem-de azyk däl harytlary saklamak üçin niýetlenen polipropilenden dokalan haltalar we rulon görnüşindäki materiallar (halta matalary) bar.
Altyn Bürgüt
Hyzmatlar
Altyn Búrgut dürli ugurlary birleşdirýän we ýokary hilli çözgütleri hem-de hyzmatlary üpjün edýän köpugurly kompaniýadyr. Biziň esasy iş ugurlarymyz: polipropilenden dokalan haltalaryň önümçiligi; HDPE suw geçiriji turbalaryň öndürilişi; gök önümler üçin ykdysady ýyladyşhana toplumlary; kaptal gurluşyk işleri; transport hyzmatlary; alkogolly önümleriň lomaý söwdasy. Uzak ýyllaryň dowamynda toplanylan tejribämiz dürli ugurlarda ynamly ösüş gazanmaga, müşderilerimize ýokary hilli önüm we hyzmatlary hödürlemäge mümkinçilik berýär. Önümçilik ulgamymyz dürli diametrli we basyşly HDPE turbalaryndan başlap, dürli ölçegli we aýratynlyklary bolan polipropilen haltalaryna çenli giň assortimentde önümleri öz içine alýar. Biz LOHIA CORP LTD kompaniýasynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan polipropilen ýüplük öndürýän ekstrudirleme liniýasynyň hem-de täzeçäse halta önümçilik цехiniň işe girizilmegi bilen aýratyn buýsanýarys. Önümlerimiz ähli kadalardan we hil ülňülerinden geçip, sertifikatlaşdyrylandyr. Müşderilerimiziň islegine görä islendik mukdarda we islendik görnüşde önüm ýetirip bilýäris. Biziň hünärmenlerimiz size gerekli enjamlary saýlap bermekde, bahalar boýunça maslahat bermekde we önümleriň üznüksiz logistikasyny üpjün etmekde hemişe ýardama taýýar. Biz döredijilikli ösüşe, tygşytlylyga, ekologiýa laýyklyga we estetiki kämillige uly ähmiýet berýäris. Esasy maksat — her bir müşderiniň ynamyny gazanmak. Altyn Búrgut — siziň üstünlikli işiňiz üçin ygtybarly hyzmatdaş! Biziň bilen şu gün habarlaşyň — geljegi bilelikde guralyň!



