Asia trend market logoAsia trend market logo
ru
Русский
en
English

Ýagty

Habarlaşmak +993 71 690907
Kärhanalar
Harytlar
Hyzmatlar
Bildirişler

Baş sahypa

Kärhanalar

Harytlar
Hyzmatlar
Kärhanalar

    Ündewçi Maslahatçy

    VIP
    5
    |
    712

    Hyzmatlar

    Biziň auditorlyk kompaniýamyz Türkmenistanyň çäginde 10 ýyldan gowrak wagt bäri auditorlyk hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürleýär. Hünärmenler topary her bir müşderä aýratyn çemeleşmäni üpjün edýär. Biziň esasy gymmatlyklarymyz - Hünärmenlik, Dogruçyllyk, Ynam!

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    712
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    ARASSA NUSGA

    VIP
    5
    |
    564

    Hyzmatlar

    2019-njy ýyldan bäri biz Türkmenistanyň kompaniýalaryna işgärlik we guramaçylyk bulaşyklygyny tertibe salmaga kömek edip gelýäris. Biziň maksadymyz — biznes-prosesleri awtomatlaşdyrmagyň kömegi bilen biznesiňizi dolandyrylyp bilinýän we netijeli ýagdaýa getirmekdir. Biziň işimiz häzirki ýagdaýy seljermekden başlanýar. Biz biznesi analiz edýäris, gowşak taraplaryny ýüze çykarýarys, ERP we CRM ulgamlaryny ornaşdyrýarys, söwda, maliýe, ammar hem-de önümçilik bölümlerini awtomatlaşdyrýarys. Web-saýtlary, mobil goşundylary işläp taýýarlaýarys, analitika we daşbordlary sazlaýarys. Prosesleriň reengineeringini geçirip, düzgünnamalary (reglamentleri) döredýäris. Şeýle hem, IT-infrastrukturany goldamak hyzmatyny üpjün edýäris. Biz eýýäm 100-den gowrak kompaniýa çykdajylaryny 20% çenli azaltmaga we aýdyň dolandyrylýan prosesleri gurmaga kömek etdik. Biz ISO 9001:2015 standartlary boýunça işläp, her bir tapgyrda hil we aýdyňlyk kepilligini berýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    564
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    SANLY TEKLIP

    VIP
    5
    |
    482

    Hyzmatlar

    Sanly Teklip,söwda kärhnalaryny awtomatlaşdyrmak üçin programma üpjünçiligini hödürleýär. Kompaniýalara netijeliligi we girdejililigi ýokarlandyrmaga we bazar üýtgemelerine çalt uýgunlaşmaga kömek edýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    482
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    DELALAT

    VIP
    5
    |
    205

    Hyzmatlar

    “Delalat” kompaniýasy her bir müşderä çeýe we aýratyn çemeleşýär hem de uzak möhletli we özara peýdaly gatnaşyklara daýanmak bilen hemişe dialoga taýyn.  “Delalat” kompaniýasynyň üstünlikli we ynamly ösüş taglymaty onuň esasy gymmatlyklaryny görkezýär: • Ynam we hyrmat, • Obýektiwlik we dogruçyllyk, • Ussatlyk we innowasiýa.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    205
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Ýiti Paýhas

    VIP
    5
    |
    173

    Hyzmatlar

    “Ýiti Paýhas” terjime merkezi dürli görnüşli resminamalaryň terjimesini, şol sanda hukuki, tehniki, lukmançylyk we şahsy resminamalary ýerine ýetirýär. Biz müşderilere ýokary hilli, çalt we ygtybarly hyzmatlary hödürleýäris. Resminamalaryňyzy gerekli dilde terjime edip, tassyklamak we resmi taýdan taýýarlamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    173
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    ANYK AUDIT

    VIP
    5
    |
    534

    Hyzmatlar

    Kompaniýamyz 2020-nji ýylda açyldy. Bizde ýokary derejeli iş etikasyna we kämillige eýerýän meňzeş hünärmenler topary bar. Birinji derejeli hünärmenleri ýygnap, islendik çylşyrymly meseleleri netijeli çözýäris. Biz siziň üçin işleýäris we diňe gyzyklanmalaryňyzy yzarlaýarys, sebäbi her bir kompaniýa biziň üçin möhümdir. Müşderilerimiziň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän kärhanalaryň işi bilen baglanyşykly hyzmatlary döredýäris we hödürleýäris. Bäsdeşlik artykmaçlyklarymyz, netijeli taslama we hyzmatlaryň hilini dolandyrmak ulgamy, işgärlerimiziň tejribesine, başarnyklaryna we hünär derejesine, hereketliligine we aýry-aýry pudaklaryň aýratynlyklaryny çuňňur bilmeklige esaslanýan maglumatlary jikme-jik işlemekdir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    534
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    MASLAHATLY ÇÖZGÜT

    VIP
    5
    |
    474

    Hyzmatlar

    Biziň maslahatçylarymyz özboluşly tejribe we bilimleriň esasynda, yzygiderli ösýän tehnologiýalaryň we ykdysady üýtgeşmeleriň şertlerinde ösüş päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge kömek edýär. Biz durnukly ösüş strategiýalaryny işläp düzmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, guramaçylyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, önümçilik çykdajylaryny azaltmak we müşderi hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça çözgütleri teklip edýäris. Biziň toparymyzda dürli ugurlaryň işewür liderleri we maslahatçylary bar. Bizde jemlenen intellektual baýlyk we mümkinçilikler hünärmenleriň çuňňur ýöriteleşmesine, giň geografik elýeterlilige we toparlaýyn iş usulyna esaslanýar. Biz halkara kompaniýalar, şeýle hem ýerli we sebit edaralary bilen iş tejribämizi artdyrdyk. Biziň hünärmenlerimiz adaty usullaryň çäginden çykyp, başga biriniň ünsünden gaçyp biljek kemçilikleri ýüze çykaryp, müşderiniň isleglerine laýyk innowasion pikirleri hödürleýärler. Biziň missiýamyz Üýtgeşik bilimlerimiz we tejribämiz arkaly müşderilerimize çylşyrymly hem-de beýik maksatlaryna ýetmekde üstünlik gazanmaga kömek etmek.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    474
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Hukuk Dünýäsi

    VIP
    5
    |
    370

    Hyzmatlar

    Esaslandyrylan pursatyndan başlap “Hukuk Dünýäsi” (“World of Law” diýlip terjime edilýär) hukuk kärhanasy, hukuk hyzmatlarynyň hiline we netijeliligine üns berip, müşderileriniň arasynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraý gazandy. “Hukuk Dünýäsi” kärhanasyny esaslandyryjylar we hünärmenler hökümet guramalarynda, ministrliklerde we bölümlerde, hukuk goraýjy edaralarda, milli nebit kompaniýalarynda we dürli pudaklarda işlemekde güýçli tejribe topladylar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    370
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    YARDAMPLUS

    VIP
    5
    |
    314

    Hyzmatlar

    «Yardamplus» — Aşgabatda ýerleşýän, türkmen we daşary ýurt kärhanalaryna resminamalar we işewürlik amallary boýunça kömek berýän konsalting kompaniýasydyr. Biz dört sany esasy ugur boýunça hyzmat berýäris: Terjime hyzmatlary: Ýazmaça we dilden terjimeler Logistika goldawy: Logistika kompaniýalaryny saýlap bermek Tender goldawy: Tender amallaryna doly gözegçilik we ýardam etmek Biržada goldaw: Biržada kärhanalaryň kanunylaşdyrylmagy (legalizasiýasy), eksport-import şertnamalarynyň bellige алыnmagy we söwdalara gatnaşmak barada maslahatlar Biz «Resminamalar? Aňsat!» diýen şygar bilen işleýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    314
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    KEPILLI ÄTIÝAÇLANDYRYŞ

    VIP
    5
    |
    932

    Hyzmatlar

    Türkmenistanda iň meşhur ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň biridir. Ýokary tejribeli hünärmenler topary bizde zähmet çekýär, bularyň hemmesi müşderilerimiziň iň ýokary hünär derejesinde goýýan meselelerini çözmäge mümkinçilik berýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    932
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Export Hyzmat

    VIP
    5
    |
    201

    Hyzmatlar

    Export Hyzmat — Türkmenistanyň eksport boýunça konsalting kompaniýasydyr. Biz Merkezi Aziýanyň öndürijilerini barlanan daşary ýurtly alyjylar bilen baglanyşdyrýarys we geleşigiň eksport şertnamasy bilen tamamlanmagyna çenli ähli tapgyrlarda ýardam berýäris. Biziň missiýamyz — ýerli kärhanalaryň eksport kuwwatyny açmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak we bäsdeşlige ukyply önümleri ileri tutulýan bazarlara — Ýewropa Bileleşigine we Hytaýa — çykarmak hem-de täze iş orunlaryny döretmekdir. Biz halkara standartlara laýyklykda işleýäris we müşderilerimize ähli tapgyrlarda — eksporta taýýarlygy bahalandyrmakdan başlap, şertnama baglaşylmagyna we gaýtalanýan iberişleriň ýola goýulmagyna çenli — doly goldaw berýäris. Biz nämeler edýäris: Eksport we strategik konsalting: biz kärhanalara eksport strategiýasyny döretmäge, önümlerini we resminamalaryny halkara bazarlaryň talaplaryna laýyklaşdyrmaga, ynam ýetmezçiligi we maglumat deňsizligi ýaly päsgelçilikleri aradan aýyrmaga ýardam berýäris. Biziň iş ýörelgelerimiz halkara derejesinde ykrar edilen usullara (Bütindünýä Banky, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky) hem-de öňdebaryjy halkara konsalting kompaniýalarynyň tejribesine daýanýar. • Öndürijileri kesgitleýäris we olaryň eksporta taýýarlygyny anyk ölçegler boýunça bahalandyrýarys. • Üpjin edijileri halkara bazarlara taýýarlaýarys: sertifikatlaşdyrmak, katalog taýýarlamak, baha strategiýasyny düzmek, üpjün edijiniň dossýesini taýýarlamak. • Nyşana bazarlarda daşary ýurtly alyjylary tapýarys we olaryň ygtybarlylygyny barlaýarys. • Iki tarapy baglanyşdyrýarys we gepleşikleriň geçirilmegine ýardam berýäris — baha, möçber, möhlet, töleg şertleri we logistika boýunça. • Geleşigi şertnama baglaşylmagyna çenli alyp barýarys we hyzmatdaşlygyň dowamlylygyny üpjün edýäris: gözegçilik, goldaw we gaýtalanýan sargytlaryň ösdürilmegi. Biz diňe bir haryt däl, eýsem bazara çykmak mümkinçiligini, ynamy we töwekgelçilikleriň azaldylmagyny hödürleýäris. Export Hyzmat siziň eksporta barýan ýoluňyzda uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşyňyza öwrülýär. Export Hyzmat bilen dünýä bazarlaryna çykyň!

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    201
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    PROSINERGIYA

    VIP
    5
    |
    481

    Hyzmatlar

    Biziň kompaniýamyz, dürli ugurlarda 10 ýyldan gowrak tejribesi bolan geňeşçiler topary tarapyndan döredildi, olar biziň ýurdumyzda maslahat beriş we telekeçiligiň ösüşini öňe sürmek pikiri bilen ylham aldylar. Biziň wezipämiz, işewür wekilleriň we geňeşçileriň bilimleriniň, tejribeleriniň, başarnyklarynyň we tejribeleriniň sinergiýasy arkaly strategiki netijelere ýetmek we dünýä derejesine çykmagy aňsatlaşdyrmakdyr. Gymmatlyklarymyz: • Etiki • Netijelilik • Üznüksiz ösüş

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    481
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    RESMI KEPIL

    VIP
    5
    |
    525

    Hyzmatlar

    “Resmi kepil” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş bazarynda 2017-nji ýyldan bäri öz işini milli we halkara derejede alyp barýan hususy ätiýaçlandyryş kompaniýasy bolup durýar. “Resmi kepil” ätiýaçlandyryş kompaniýasy 21010072 sanaw belgisi bilen hasaba alnyp Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen emläk we şahsy bähbitleriniň, jogapkärçilik ätiýaçlandyrmasyny we gaýtadan ätiýaçlandyryşy amala aşyrmak üçin 1-17-30-4 belgili ygtyýarnama esasynda hereket edýär. Şu günki gün kompaniýa ätiýaçlandyryşyň 26 görnüşi boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    525
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

Asia trend market

Maksadymyz işiňizi ýeňilleşdirmek we satuwlaryňyzy artdyrmakdyr.Biz barada

Sosial linkler

Programmany ýükläp alyň

Get it now

Google Play

Get it now

App Store

© 2026 ASIA TREND MARKET. Ähli hukuklar goralan.
Gizlinlik syýasatyUlanyş şertleri