AJAP ÖNÜM
Önümçilik we senagat
Siziň howpsuzlygyňyz baradaky aladamyz biziň başlangyç nokadymyz boldy. “Ajap Önüm” hojalyk jemgiýeti siziň howpsuz ýol hereketiňiz üçin berk we ýokary hilli tormoz kolodkalary öndürýär. Tebigata zyýansyz önümçilik biziň esasy üns merkezimizde. Şonuň üçin hem önümlerimiziň we önümçilik tehnologiýalarymyzyň ekologiýa taýdan zyýansyz bolmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Esasy aýratynlyklarymyzyň ýene biri hem,Türkmenistanda ilkinji tormoz kolodkalary öndürýän kärhana bolmagymyzdyr. Biz azbestsiz keramiki togtatyjy kolodkalary öndürmek üçin innowasiýon tehnologiýalary ulanýarys. Öňde goýan esasy wezipämiz, önümleriň dürli görnüşi bilen müşderilerimiziň talaplaryna jogap bermek we olaryň hoşallygyny gazanmakdyr. Biziň maksadymyz, tormoz kolodka bazarynda iň halanýan we saýlanýan marka bolmakdyr. GUNT- Ýyndamlygyň arkasyndaky täsin güýç.
HINDIWAR
Önümçilik we senagat
2000-nji ýylda düýbi tutulan Hindiwar hususy kärhanasy öz işini Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde alyp barýar. Bu kärhanada öndürilýän ýokary hilli akkumulýatorlar diňe bir ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolman, eýsem daşary ýurtlara eksport edilip, dünýä belli daşary ýurt markalary bilen bir hatarda bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmakdyr. Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwaty aýda 750 akkumulýatora çenli barabar bolup, olaryň ählisi dürli kuwwatlylykda öndürilýär. Hindiwar kärhanasy döwrebap daşary ýurt enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Kärhana diňe ýeňil awtoulaglar üçin akkumulýator önümçiligi bilen çäklenmän, eýsem uly tehnikalar üçinem akkumulýatorlary öndürip gelýär.
Kökçi
Önümçilik we senagat
HK “Kökçi” kompaniýasy Türkmenistanda akkumulýator batareýalarynyň önümçiligi boýunça öňdebaryjy we pionerdir. Biziň maksatymyz ýokary hilli, ygtybarly we uzak wagtlap ulanylýan batareýalary öndürmekdir. Kompaniýamyz häzirki zaman tehnologiýalary ulanýar we müşderilerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak üçin işläp taýýarlanýan önümleri bilen bazarda lider bolup durýar.

