Asia trend market logoAsia trend market logo
ru
Русский
en
English

Ýagty

Habarlaşmak +993 71 690907
Kärhanalar
Harytlar
Hyzmatlar
Bildirişler

Baş sahypa

Kärhanalar

Harytlar
Hyzmatlar
Kärhanalar

    Belent Maksatly Doganlar

    VIP
    5
    |
    2355

    "Belent Maksatly Doganlar" – Siziň ulagyňyzyň ygtybarly hemrasy! "Belent Maksatly Doganlar" kärhanasy awtoulag dünýäsinde ýokary hilli ätiýaçlyk şaýlarynyň, motor ýaglarynyň we antifrizleriň lomaý hem-de bölek satuwyny amala aşyrýan öňdebaryjy üpjünçileriň biridir. Biziň esasy maksadymyz: Müşderilerimize diňe bir önüm däl, eýsem ulaglarynyň uzak wagtlap we bökdençsiz işlemegi üçin ygtybarly çözgütleri hödürlemekdir. Biz dünýäniň iň meşhur brendleri bilen hyzmatdaşlyk edip, önümlerimiziň hiline we asyl nusgadygyna kepil geçýäris. Näme üçin biz? Giň görnüşli önümler: Islendik görnüşli awtoulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlary. Ýokary hil: Halkara standartlaryna laýyk gelýän ýaglar we sowadyjy suwuklyklar. Professional çemeleşme: Her bir müşderä aýratynlykda hyzmat etmek we maslahat bermek. "Belent Maksatly Doganlar" – hil we ynam birleşýän ýeri!

    asiaavtotm@gmail.com+99364696549
    5
    |
    2355
    asiaavtotm@gmail.com+99364696549

    AJAP ÖNÜM

    VIP
    5
    |
    603

    Önümçilik we senagat

    Siziň howpsuzlygyňyz baradaky aladamyz biziň başlangyç nokadymyz boldy.  “Ajap Önüm” hojalyk jemgiýeti siziň howpsuz ýol hereketiňiz üçin berk we ýokary hilli tormoz kolodkalary öndürýär. Tebigata zyýansyz önümçilik biziň esasy üns merkezimizde. Şonuň üçin hem önümlerimiziň we önümçilik tehnologiýalarymyzyň ekologiýa taýdan zyýansyz bolmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Esasy aýratynlyklarymyzyň ýene biri hem,Türkmenistanda ilkinji tormoz kolodkalary öndürýän kärhana bolmagymyzdyr. Biz azbestsiz keramiki togtatyjy kolodkalary öndürmek üçin innowasiýon tehnologiýalary ulanýarys. Öňde goýan esasy wezipämiz, önümleriň dürli görnüşi bilen müşderilerimiziň talaplaryna jogap bermek we olaryň hoşallygyny gazanmakdyr. Biziň maksadymyz, tormoz kolodka bazarynda iň halanýan we saýlanýan marka bolmakdyr. GUNT- Ýyndamlygyň arkasyndaky täsin güýç.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    603
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    HINDIWAR

    VIP
    5
    |
    316

    Önümçilik we senagat

    2000-nji ýylda düýbi tutulan Hindiwar hususy kärhanasy öz işini Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde alyp barýar. Bu kärhanada öndürilýän ýokary hilli akkumulýatorlar diňe bir ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe  bolman, eýsem daşary ýurtlara eksport edilip, dünýä belli daşary ýurt markalary bilen bir hatarda bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmakdyr. Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwaty aýda 750 akkumulýatora çenli barabar bolup, olaryň ählisi dürli kuwwatlylykda öndürilýär. Hindiwar kärhanasy döwrebap daşary ýurt enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Kärhana diňe ýeňil awtoulaglar üçin akkumulýator önümçiligi bilen çäklenmän, eýsem uly  tehnikalar üçinem akkumulýatorlary öndürip gelýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    316
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Kökçi

    VIP
    5
    |
    367

    Önümçilik we senagat

    HK “Kökçi” kompaniýasy Türkmenistanda akkumulýator batareýalarynyň önümçiligi boýunça öňdebaryjy we pionerdir. Biziň maksatymyz ýokary hilli, ygtybarly we uzak wagtlap ulanylýan batareýalary öndürmekdir. Kompaniýamyz häzirki zaman tehnologiýalary ulanýar we müşderilerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak üçin işläp taýýarlanýan önümleri bilen bazarda lider bolup durýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    367
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Geljege Miras

    VIP
    5
    |
    1297

    Önümçilik we senagat

    “Geljege Miras”hususy kärhanasy 2013-nji ýylda döredildi. Kärhananyň esasy işleri: çalgy ýaglaryny öndürmek; polipropilenden halta önümleri, köpugurly sapaklar we plastmassa önümleri; ýükçi we ýörite enjamlary wagtlaýyn ulanmaga bermek, şeýle hem towuklary köpeltmek üçin hyzmatlarymyz bar. Kärhana tarapyndan öndürilen önümler we hödürlenýän hyzmatlar “GM OIL”, “GM Plast”, “GM Service” we “GM Chiken” söwda bellikleri bilen içerki bazarda we daşary ýurtlarda belli.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    1297
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Demir At

    VIP
    5
    |
    866

    Hyzmatlar

    Demir At kompaniýasy 1993-nji ýylda esaslandyryldy we köp ugurly hyzmatlary bilen halkymyza hyzmat edýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda 3 sany hyzmat merkezi we dükanymyz işlediýär. Harytlary ýurdumyzda ähli serwis merkezlerine we awtoulag dükanlaryna paýlanýar. Müşderilere ýokary hilli hyzmat bermek, döwrebap şertler döretmek we islenýän harydy gysga wagtyň içinde üpjün etmek biziň esasy ýörelgelerimizdir. Dükanymyzda kofeteriýa hyzmaty bilen çaý, kofe we sowuk içgiler hödürlenýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    866
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Yhlasly Nazar

    VIP
    5
    |
    809

    Önümçilik we senagat

    “Yhlasly Nazar” hususy kärhanasy ýokary hilli çalgy ýaglaryny — Alfa Motor Oil nyşany bilen öndürýär. Önümlerimiz benzin we dizel hereketlendirijiler, reduktorlar, awtomatiki transmissiýalar we ýokary basyşly enjamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olaryň hyzmat möhletini uzaltmak üçin ýörite taýýarlanylýar. Kärhanamyz çig mallaryň hiline, daşky gurşawa zyýan ýetirmezligine we ekologiýa laýyklygyna aýratyn üns berýär. “Yhlasly Nazar” müşderilerine ygtybarly, ýokary hilli we innowasion çözgütler hödürleýär we bazarda ynamly lider bolmagy maksat edinýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    809
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Asly Ýag

    VIP
    5
    |
    448

    Önümçilik we senagat

    Biz 2000-nji ýyldan bäri awtoulaglar we dürli enjamlar üçin ähli görnüşli ýaglaryň we tehniki suwuklyklaryň üpjünçiligi bilen hünär derejesinde meşgullanýarys. Türkmenistanyň ähli künjeginde ýerleşýän 40 sany ýag çalyşmak nokadyna eýe bolýarys. Şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynda lomaý we bölekleýin söwda dükanlarymyz bar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    448
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Bir Kuwwat

    VIP
    5
    |
    564

    Önümçilik we senagat

    «Bir Kuwwat» hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup, Türkmenistanda suwuk reagent AUS32 (AdBlue), antifriz we awtoulaglar üçin ýuwujy serişdeler ýaly himiki önümleri öndürmek bilen meşgullanýar.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    564
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Lassa

    VIP
    5
    |
    111

    Hyzmatlar

    LASSA — Azerbaýjanyň Şeki şäherinde 15 ýyldan bäri üstünlikli işläp gelýän dükandyr. Kompaniýa awtoulag tekerleriniň, akkumulyatorlaryň we diskleriň satylmagy boýunça ýöriteleşendir. Işlän ýyllarynyň dowamynda dükan ýokary hilli önümleri, durnukly hyzmaty we professional çemeleşmesi netijesinde müşderileriň ynamyny gazanmagy başardy. Dükanyň assortimentinde ulaglaryň dürli görnüşleri üçin harytlar hödürlenilýär. LASSA müşderileri ygtybarly awto-harytlar bilen üpjün etmäge we ulagyň howpsuz hem-de amatly ulanylmagy üçin dogry çözgütleri saýlamaga kömek etmäge çalyşýar. Dükan her gün işleýär we ýokary hilli tekerlere, akkumulyatorlara hem-de disklere mätäç bolan hususy müşderilere we ulag eýelerine hyzmat edýär.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    111
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    ÝÜPEK ÝOL HARYTLARY

    VIP
    5
    |
    85

    Önümçilik we senagat

    "Ýüpek Ýol Harytlary" hojalyk jemgyýeti nebit ýataklarynda nahar üpjünçiligi (keýtering), motor ýaglarynyň paýlanylyşy we azyk önümleriniň importy bilen meşgullanýar. Hyzmatlarymyz müşderiniň islegine görä ýörite taýýarlanýar. Hil, halkara talaplaryna laýyklyk we netijelilik biziň esasy ýörelgämizdir.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    85
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

    Demirgazyk Söwda Ýoly

    VIP
    5
    |
    41

    Önümçilik we senagat

    “Demirgazyk Söwda Ýoly” işewürlik kompaniýasy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda döredildi. Biziň esasy ugurymyz dürli önümleriň, şol sanda metal önümleriniň, awtoulag şaýlarynyň, nebithimiýa önümleriniň, himiýa we nebit-gaz senagaty üçin enjamlaryň importy we eksportydyr. Biz ähli awtoulag markalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryň we tekerleriň giň görnüşini hödürleýäris.

    info@asiatrendmarket.com+99371690907
    5
    |
    41
    info@asiatrendmarket.com+99371690907

Asia trend market

Maksadymyz işiňizi ýeňilleşdirmek we satuwlaryňyzy artdyrmakdyr.Biz barada

Sosial linkler

Programmany ýükläp alyň

Get it now

Google Play

Get it now

App Store

© 2026 ASIA TREND MARKET. Ähli hukuklar goralan.
Gizlinlik syýasatyUlanyş şertleri