Tema

m

TMT

$

USD

m

TMT

EUR

TM-membrana C2000 (-20°)
TM-membrana C2000 (-20°)
Mizemez Gadam logo

Mizemez Gadam

  • info@mg-tm.com
  • +99365355554

Düşündiriş

TM-membrana C2000 (-20°)
Şüşe süýümli mata esasly, APP (atakstiki polipropilen) bilen berkidilen, iki tarapdan polietilen bilen örtülen TM–MEMBRANE (-20°C) gidroizolýasiýa materialydyr. Ol ýurdumyzda klimatiki şertlerde giňden ulanylýar.

ULANYLYŞ SEBITI:
Suw howdanlary, köller, dekoratiw howuzlar, aşhana, hammam, hajathana, awtodayhanalar, üçekler, balkonlar, gülzarlyklar, bag teraslary, beton kanallar, çeşmeler, berkidiji diwarlyklar, ýerzemin diwarlary, suw arassalaýjy desgalary we basyş astyndaky ýerasty suw ulgamlary ýaly ýokary çyglylykly ýerlerde ulanylýar.

ÖNÜMIŇ AÝRATYNLYKLARY:
Çeýe, uzak ömürli, dürli görnüşli ýüzlerde ulanylýar. Dartgynlyga we ýyrtylmaga garşy ýokary berklige eýe. Dilatasiýa, simanyň gyrasy, parapet ýaly inçe jikme-jikliklerde hem aňsat ulanylýar.

ÝÜZEINI TAÝÝARLAMA:
Ýüz tozandan, ýagdan we himiki galyndylardan arassalanmalydyr. Iň gowy ýelimişlik üçin TM MASTIKA bitum mastikasy esas örtük hökmünde ulanylýar.

SAKLAMAK ŞERTLERI:
Rullar dik ýagdaýda saklanmaly, göni gün şöhlesinden goralmalydyr. Biriniň üstüne beýlekisi goýlan rulolar goragsyz saklanmaly däldir.

ULANYLYŞ DÜZGÜNI:
Gidroizolýasiýa matasynyň gapdal birleşdirme bölegi iň azyndan 10 sm bolmaly. Rulonyň ujuny 15 sm aralykda açyk alaw bilen ýüzüne berkidilýär.

Meňzeşler