Goragly žalýuzi-panjurlar gapynyň üstünden (daşyndan gurnamak) hem-de gapynyň içine (içden gurnamak) usuly bilen oturdylyp bilner. Olary daşardan (köçeden) ýa-da içerden dolandyrmak mümkinçiligi bar.
Rolettleriň gurnalyşy we aýratyn-da elektrik hereketlendirijileriniň sazlanmagy jogapkärli we çylşyrymly iş bolup, ony diňe hünärmenlere ynanmak maslahat berilýär.
Biziň hünärmenlerimiz profil görnüşini, hereketlendirijiniň görnüşini, reňk sazlaşygyny saýlamaga kömek eder, mugt ölçeg alyp, panjur-žalýuzileri size amatly we gysga wagtda gurnap berer.
Biz ýerine ýetirýän işlerimiziň ýokary hilini, sargytlaryň tiz taýýarlanylmagyny hem-de dilerlerimize we hyzmatdaşlarymyza maglumat goldawyny kepillendirýäris.



