Milli nagyşly we şelpelik gurtly el sumkasy "Asmantly"
Önüm barada maglumat:
Bu dizaýnerlik gök el sumkasy ýorite milli ähenleri döwrebap stil bilen utgaşdyryp taýýarlanyldy. Sumkanyň ýüzündäki çylşyrymly köp öwüşginli hand-made nagyşlar, reňkli şelpeler we bambuk görnüşli agaç tutalgalar önüme özboluşly milli öwüşgin berýär. Berk we ýokary hilli matadan dikilen bu sumka hem gündelik gezelençler, hem-de milli baýramçylyklar we dabaraly çäreler üçin örän amatlydyr.



