Harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi

Bahasy: ylalaşykly

Biziň kärhanamyz eksport-import ýükleriniň gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin hyzmatlary üpjün edýär. Aşgabat, Balkanabat, Hazar, Türkmenbaşy, Garabogaz we Türkmenabatdaky şahamçalarymyz bu hyzmatlary hödürleýär.

“Aziýa Ulaglary” hususy kärhanasynyň gümrük resmileşdirmek boýunça 12 şahadatnamaly hünärmeni bar, olar gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça ähli hyzmatlary ýerine ýetirýär.
Hünärmenlerimiz Türkmenistanda ornaşdyrylan “ASYCUDA World” halkara gümrük maglumat ulgamyny ulanmak üçin ýörite taýýarlyk okuwlaryny geçdiler.

Biz şular üçin gümrük resmileşdirmek hyzmatlaryny hödürleýäris:

  • Eksport

  • Wagtlaýyn eksport

  • Gaýtadan eksport

  • Carance (geçirilen ýük)

  • Gaýtadan import

  • Gümrük ammary

  • Harytlary ýok etmek

Meňzeşler

Müşderiler şu harytlary hem gördüler

Satyjynyň beýleki hyzmatlary

Bular hem ünsüňizi çekip biler

Meşhur brendler

Müşderi synlary